24 Aprel 2017, 08:23



Türkmen welosiped sürüjileri şu ýylyň esasy ýaryşlaryna taýýarlyk görýärler

05.04.2017

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk ýaryşyň maksatnamasyna girizilen sport görnüşleriniň ählisine wekilçilik edýän Türkmenistanyň Milli federasiýalary üçin, gürrüňsiz, jogapkärçilikli synag boldy.Olaryň arasynda trekdäki welosiped ýaryş hem bar, onuň dowamynda türgenlerimiz Aziýa yklymynyň we Okeaniýa ýurtlarynyň iň güýçli welosiped sürüjileri bilen baýrakly orunlar ugrunda bäsleşerler.

Geçen ýylyň ahyrynda Olimpiýa şäherçesinde geçirilen saýlama ýaryşlar boýunça milli ýygyndynyň deslapky düzümi beli edildi.


Türkmenistanyň Welosiped federasiýasy Halkara Welosipedçiler bileleşigi (UCI) bilen jebis hyzmatdaşlyk edýär, şonuň netijesinde tälimçilerimiz we türgenlerimiz daşary ýurtlarda tälim almaga mümkinçilik aldylar. 2013-nji ýylda Welosiped sporty boýunça tehniki merkeziň açylmagy möhüm ädim boldy, ol Federasiýa bilen bilelikde ýurdumyzda ýokary ussatlykly welosiped sürüjileri terbiýelemek boýunça uly işler alyp barýar. Häzirki wagtda tagallalar türgenlerimiziň Aziada-2017-ä doly derejede taýýarlygyna gönükdirilendir.

Şu ýylyň baharynda milli ýygyndymyz Aziýa çempionatlarynyň ikisine-Nýu-Delide we Bahreýnde-trek we şosse bäsleşiklerine gatnaşdy. Ýygyndy toparymyzyň şol ýaryşlara gatnaşmagyna baha berip, russiýaly hünärmen, uly tälimçi Albert Kolybin türkmen welosipedçileriniň ussatlygynyň artýanlygyny belledi.

Türkmenistanda welosiped sportynyň ösüşi barada gürrüň edende Federasiýanyň başlygy Döwran Bakyýew ýurtda zehinli oglanlaryň kändigini, geljekde zenanlaryň arasynda trek we şosse bäsleşiklerini, şeýle hem welokrosy hem-de welosyýahatçylygy ösdürmek meselesiniň durandygyny belledi.
-Trek ýaryşlary sekundyň ondan bir böleginiň hem ähmiýeti görülýän üýtgeşik sport. Şosse ýaryşlarynda beden taýdan güýçlenilýän bolsa, trekde türgeniň ussatlygy kämilleşýär we taktiki-tehniki meseleler çözülýär.Şossede oglanlar her gün türgenleşýärler, günde 100 kilometrden gowrak ýol geçýärler. Depelerde güýjüň artsa, tekiz ýerde tizlige üns berilýär. Şu ýyl Minskide geçiriljek „Gran-Pri“ ýaryşyna gatnaşmagy göz öňünde tutýarys, oňa Ýewropanyň iň güýçli türgeneleri gatnaşarlar. Onsoňam ýurdumyza wekilçilik edip, has gowy netijler görkezmek üçin Aziada maksadaokgunly taýýarlanarys.



Aziada-2017-de welosiped sportynyň bäş ugry boýunça bäsleşikler geçiriler. 4 kilometre toparlaýyn ýaryş , toparlaýyn sprint, keýrin, sprint we omnium ýaryşlarynda medallaryň 10 toplumy ugrunda bäsleşikler geçiriler.

Welosiped sportynda türgenleriň eşigine möhüm ähmiýet berilýär. Aziada üçin taýýarlanan sport eşigi halkara ölçeglerine görä döredildi. Häzir türgenlerimiz Türkmenistanyň Welosiped sporty federasiýasynyň resmi howandary Russiýanyň „KAMAZ“ kompaniýasynyň beren Kanadanyň önümi bolan «ARGON 18» welosipedlerinde türgenleşýärler. Aziýa oýunlarynda türkmen türgenleri dünýä belli sport tehnikasyny öndürýän Italiýanyň «PINARELLO» firmasynyň welosipedlerinde çykyş eder diýlip çaklanylýar.

Aleksandr KRAWSOW,
surat düşüren awtor we Ýu. ŞKURIN