“Doýce Bankyň” hünärmenleri ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň talyplary bilen sapak geçdiler

Halkara hyzmatdaşlygy ýokary bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmagyň möhüm ugrydyr. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri milli ykdysadyýetiň dürli pudaklary üçin kärine ussat hünärmenleri taýýarlamak üçin ýakyn we daş ýurtlaryň esasy ylym-bilim merkezleri, pudaklaýyn iri kompaniýalary bilenözara hereket edýär.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň goldamagynda “Doýçe Bankyň” hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi, onda talyplar halkara söwdasy, halkara telekeçilik şertnamalary, dokumentar täjirçiligiň gurallary, şeýle hem dokumentar akkreditiwiň amatlyklary ýaly maliýe-ykdysadyýet işiniň ugurlary bilen tanyşdyryldy.

Geçirilen okuw-türgenleşigi wajyp halkara täzelikleri göz öňünde tutulyp, yldysadyýet ugrundan geljekki hünärmenleri taýýarlamagyň usullaryny kämilleşdirmäge gönükdirilendir.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda şeýle çäreleriň geçirilmegi ýokary bilim ulgamy babatda halkara bileleşigine goşulyşmak ugruna laýyk gelýär. Bu ýokary okuw mekdebinde şu çäreden biraz öň Halkara walýuta gaznasynyň wekilleri bilen hem duşuşyk geçirilipdi.