Çeperçilik akademiýasynyň sergi merkezinde Aziada-2017-ä bagyşlanan eserleriň sergisi açyldy

Olaryň aglabasy akademiýanyň talyplarynyň işleridir. Sergide Aziada-2017-niň maksatnamasyndaky sport görnüşleriniň ählisi öz beýanyny tapypdyr.

Žiwopis eserleriniň arasynda Annamyrat Babaýewiň „Tizlik“ diýen suratynda ýeňşe hyjuwly welosipedçiler şekillendirilipdir. Olar ýeňşini Watana bagyş edýärler.

Dünýägözel Akynyýazowa işini „Aşgabat Aziada garaşýar“ diýip atlandyrypdyr. Onuň eserinde şäher binalary, güýçli depginde gurulýan Olimpiýa şäherçesi şekillendirilipdir. Suratyň takyk göni jähekleri, az serişdeler bilen çepeç beýan ediş usuly, üýtgeşik mänirli tämizligi ony Martiros Sarýanyň giçki döredijiligine çalymdaş edýär.


Kakageldi Taganowyň „Aşgabat ýagyşdan soň“ atly eserinde türgenleikden soň paýtagymyzyň köçelerinden gidip barýan welosipedçiler şekillendirilipdir. Ýaňy ýagan ýagyşdan soň öl asfalta düşýän çyralaryň ýagtsyna syn edeniňde, hamala, ondan ýagyşdan soňky tämizlik gelýän kimin duýgy döreýär.

Begenç Berkeliýewiň „Küştçiler“ atly eserinde ýiti reňkler ulanylypdyr. Olaryň başy tahýalysy garşydaşy üçin garaşylmadyk göçüm eden bolarly, onuň göçümi başy papakly bäsdeşini aljyrrylyga salan ýaly görünýär. Onuň ýordumy şeýle bir sazlaşykly berlipdir welin, oýun nähili tamamlandyka diýip sorasyň gelip dur.


Maral Hudaýgulyýewanyň „Tennisçi gyzlar“ suratynda ýaşajyk türgenleriň dördüsiniň gözleri uçganaklap dur. Maral gyzlaryň ýeňişli bagtyýar pursadyny anyk beýan etmegiň hötdesinden gelipdir.

Sport tansyna bagyşlanan işleriň arasynda Gülaýym Jumaýewanyň „Tansçylar“ eseri aýratyn göze ilýär. Nakgaşa olaryň tans etmekden lezzet alýandyklaryny takyk beýan etmek başardypdyr.


Gujurly hem eýesine wepaly türkmen iti Aziada-2017-niň nyşany hökmünde saýlanylany bäri nakgaşlar ony suratlarda, plakatlarda, gobelenlerde, keramikada beýan edip ugradylar.Bu ýerde goýlan işleriň arasynda Kakageldi Seýitmuhammedowyň „Alabaý“ diýen eseri has-da tapawutlanýar. Kakageldiniň çeken suratynda boýny medally güjük tomaşaçylara akylly nazaryny dikip otyr. Ol itiň ygtybarly, wepaly dostdygyny çeper serişdeler arkaly bermegiň hötdesinden gelipdir.