28 Maý 2017, 06:10



Awaza halkara medeni gatnaşyklary ösdürmek boýunça başlangyçlary öňe sürýär

09.04.2017

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen dabaralar “Azada-2017: parahatçylygyň we ösüşiň bäbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahaty deňizýaka sebitde köpsanly daşary ýurtly wekiliýetleri we dürli ýurtlardan hormatly myhmanlary jemledi.

Sport ulgamynyň ýokary wezipeli wekillerinden başga-da, V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň Milli olimpiýa komitetleriniň, Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň ýolbaşçylaryndan başga-da, bu maslahata belli syýasy we jemgyýetçilik işgärleri, meşhur artistler gatnaşdylar.


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu ägirt uly taslamanyň durmuşa geçirilip başlan wagtyndan bäri Hazar deňziniň türkmen kenarynda dünýä derejeli şypahanany döretmek işlerine badalga berlenden soň, bu künjek halkara işewürlik, medeni we sport merkezine öwrüldi. Awaza diňe bir syýahatçylyk merkezi däl-de, eýsem, binagärlik, inžener-tehnologiýa we şäher ulgamyny dörediji çözgütleriň meýdançasy boldy. Bu zolak innowasiýa häsiýetli, ekologiýa we döredijilik pikirleriň geçirilýän meýdançasy hökmünde-de uly ähmiýete eýedir.

Adam mümkinçilikleri babatynda bu künjek dostlugyň, döredijiligiň, dynç alşyň hem-de ylhamyň mekany, türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň nyşany hökmünde-de meşhurlyga eýe bolýar, myhmansöýerlik hyzmat etmegiň häzirki zaman talaplaryna laýyklykda kaşaň myhmanhanalaryň, jahankeşdeligiň düzümleriniň döredilmeginde öz aýdyň beýanyny tapýar.


Hyzmatlaryň derejesi, syýahatçylaryň kabul edilmegi hem-de myhmanhanalarda ýerleşdirilmegi, türkmen halkynyň bu dessurlar babatyndaky ýörelgelerinden hem ýokarydyr. Bu barada biziň ýurdumyzyň myhmanlary Awazanyň ynsan eli bilen döredilen gözellikleri bilen birlikde adamlaryň açyklygy hem-de mähribanlygy, olaryň çyn ýürekden gatnaşyk etmäge, beýleki medeniýetlere we halklara hormat goýmaga we olar bilen gyzyklanmaga bolan höwesinde has äşgär duýulýandygyny belleýärler.

Muny Awazanyň myhmanlary hem tassyklaýarlar, olar ýakynda okgunly ösýän türkmen şypahana zolagyna gelip gördüler. Aziýa Olimpiýa geňeşiniň prezidenti hem-de Milli olimpiýa komitetleriniň assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Şeýh Ahmad Al-Fahad Al-Sabah, Meýbukan godzýu-rýu karate-do Halkara assosiasiýasynyň ýolbaşçysy Ýagi Meýtatsu, Aziýa küşt federasiýasynyň baştutany Şeýh Sultan Halifa Sultan Şahbut Al-Nahaýan, meşhur amerikan golfçysy hem-de “Neklaus Dizaýn” kompaniýany esaslandyryjy Jek Niklaus, dünýäniň we Olimpiýa oýunlarynyň birnäçe gezek çempiony, Russiýanyň jemgyýetçilik we döwlet işgäri, häzirki wagtda türkmen figuralaýyn typmak mekdebiniň emele gelmegine işjeň ýardam berýän Irina Radina Awazada myhmançylykda boldular.


Sport jemgyýetçiliginden başga-da, ýurdumyzyň öňden gelýän dostlary—Russiýa Federasiýasynyň Asrahan oblastynyň gubernatory Aleksandr Žilkin, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasyndaky Liberal-demokratik partiýasynyň fraksiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskiý hem Awazada ýakynda geçirilen dabaralara gatnaşdylar. Wladimir Žirinowskiý TDH-a beren interwýusynda Türkmenistanda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagynyň tutuş sebitde ylalaşygyň we abadançylygyň emele gelmegine gönüden-göni täsir edýändigi hakyndaky pikiri aýtdy. Sebäbi, parahatçylykly, abadan durmuş adamyň we jemgyýetiň sagdynlygynyň baş şerti bolup durýar.


Şunuň bilen baglylykda, Wladimir Žirinowskiý BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýalary bilen iki gezek makullanylan Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň möhüm ähmiýetini belledi. “Biz Türkmenistandan bu ýerde gören we eşiden zatlarymyzdan haýran galdyryjy mähirli duýgular bilen gideris. Mundan beýläk hem biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk we dostluk gatnaşyklarynyň has hem jebisleşmegine goşandymyzy goşarys” diýip, Wladimir Žirinowskiý aýtdy, ol şeýle hem Türkmenistanda rus diline, onuň mekdeplerde öwrenilmegine uly üns berilýändigini aýratyn belledi.


Öňde diňe röwşen döwürler garaşýar we men biziň bilelikde Russiýa bilen Türkmenistanyň hoşniýetli goňşular bolup durýandygyna şatlanjakdygymyza ynanýaryn diýip, Wladimir Wolfowiç nygtady.

Awaza Merkezi Aziýada Hazar sebitiniň medeni çäreler geçilýän merkezine öwrüldi, bu ýerde her ýyl halkara döredijilik maslahatlary, daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň çykyşlary guralýar. Awazada ýakynda geçirilen dabaralara gatnaşyjylar üçin belli türkmen aýdymçylary bilen bir hatarda biziň ýurdumyzda uly meşhurlyga eýe bolan Azerbaýjan Respublikasynyň halk artisti Polat Bilbil oglunyň, Russiýanyň halk artisti Lew Leşenkonyň, Gazagystan Respublikasynyň halk artisti Roza Rymbaýewanyň, şeýle hem beýleki ýurtlardan zehinli ýaş aýdymçylaryň çykyş etmegi uly we ýakymly sowgat boldy.