28 Maý 2017, 06:12



Paýtagtymyzyň topary kabaddi boýunça Türkmenistanyň çempiony boldy

10.04.2017

Kabaddi boýunça ýurdumyzyň çempionaty welaýatlaryň (Lebap welaýatyndan başga) we Aşgabadyň toparlaryny paýtagtymyzdaky “Galkynyş” sport toplumyna ýygnady. Paýtagtymyzyň hem-de Mary welaýatynyň türgenleriniň arasynda geçen ýarym final duşuşygy çekeleşikligi boýunça aýratyn tapawutlandy. Duşuşygyň esaasy wagty 76:76 hasabynda deňlikde tamamlandy. Goşmaça bäş minutlykda aşgabatly türgenleriň garşydaşlaryndan güýçlidigi mälim boldy.

Tomusky Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän kabaddi toparlaýyn oýny öz düzgünleri boýunça türkmen milli oýny bolan aýterek-günterek oýnuna çalymdaşdyr. Bu oýnlaryň esasy tapawudy hindi oýnunyň has galtaşykly häsiýete eýe bolup, onda el we aýak bilen urgulary geçirmäge rugsat berilýändiginden ybaratdyr. Şeýle düzgünleriniň bolandygy üçin kabaddi başa-baş göreşlere degişli edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi