28 Maý 2017, 06:12



Türkmen küştçileri ýetginjekleriň arasyndaky Aziýa çempionatynda alty medaly gazandylar

11.04.2017

Daşkentde (Özbegistan) 18 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasynda 17 ýurtdan—Hytaýdan, Hindistandan, Wýetnamdan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Şri-Lankadan we beýlekilerden 400-e golaý türgeniň gatnaşmagynda küşt boýunça Aziýa çempionaty tamamlandy. Ýaryşlaryň barşynda watandaşlarymyz medallaryň altysyny—iki kümüş we dört bürünç medal gazandylar.

Ýurdumyzyň sportda gazananlarynyň üstüne iki kümüş we bir bürünç baýraga mynasyp bolup, Leýla Şöhradowa uly goşant goşdy. Bu üstünligi ol degişlilikde her göçümden soň 30 sekunt goşulmak bilen bir döwe 1,5 sagat “arassa” wagt berilýän nusgawy görnüşde, blis (bäş minut goşmak iki sekunt) we rapide (15 minut goşmak 10 sekunt) görnüşinde gazandy.

Türkmen toparynyň düzüminde hormat münberine iki ýola – ikinji we üçünji basgançagyna Azat Nurmämmedow (14 ýaşa çenli topar) çykdy. Ýene-de bir bürünç medaly Saparmyrat Atabaýew (18 ýaşa çenli) gazandy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi