25 Aprel 2017, 04:05



Golf-kluby we dynç alyş zolagy Aşgabadyň dynç alyş düzüminiň hataryna goşular

12.04.2017

Ýakyn wagtda türkmen paýtagtynyň günorta-günbatarynda 630 gektar ýerde täze seýilgäh we 70 gektar ýerde golf-klub peýda bolar, bu ýerde şäher gurluşygynyň15-nji tapgyry alnyp barylýar.

Seýilgäh zolagy Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýolundan Tähran köçesine çenli aralygy tutar. Aşgabady ösdürmegiň baş meýilnamasyna laýyklykda Bekrewe köçesine çenli gurulýan täze gara ýol bina edilýän ýaşaýyş jaýlaryna barmagy ýeňilleşdirer. Mundan başga-da, ol Görogly köçesiniň ýüküni ýeňleder.

Şäheri gurmagyň 15-nji tapgyrynda 12 gat jaýlaryň on sekizisini, 4 gat jaýlaryň on altysyny, 200-den gowrak iki gat kottejleri, söwda merkezleriniň 11-sini,çagalar bagyny, mekdep we beýleki durmuş ähmiýetli binalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Bu ýerleriň üýtgeşik özboluşlylygy göz öňünde tutulyp, seýilgäh gurluşygynda döwrebap binagärlik-tekizleýiş we dizaýnerlik çözgütleri ulanylar. Eýýäm ýer işleriniň uly möçberi ýerine ýetirildi, ol üýtgeşik landşaft mimarlygynyň binalaryny seýlgäh bezegleri we heýkeller toplumy bilen sazlaşykly utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.

Pyýadalar zolagy gurlanda ýokary hilli tebigy serişdeler-mermer we granit ulanylar. Seýilgäh toplumynda ozalky agaçlar saklanylyp galnar, gyrymsy we bezeglik agaçlar, şeýle hem biziň howa şertlerimize laýyk gelýän geň-enaýy ösümlikler ekiler, suwaryşyň we ýagyş suwyny aýyrmagyň döwrebap ulgamy dörediler.

Täze seýilgäh zolagy paýtagtymyzyň landşaft bezeginiň we täze ýaşaýyş jaý toplumynyň dynç alyş düzüminiň möhüm bölegi bolar.

Wladimir KOMAROW