Türkmen-owgan gatnaşyklary: hoşniýetli goňşuçylyk we sebitde ýakynlaşmak syýasatynyň mysaly

Döwlet Baştutanymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 20172023-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» sebitiň döwletleri bilen özara düşünişmek we özara ynanyşmak ýörelgeleri esasyndaky hyzmatdaşlyk Merkezi Aziýada parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň we pugtalandyrmagyň esasy şerti bolup durýandygy bellenilýär.

Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda goňşy Owganystan bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Golaýda Owganystan bilen ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 25 ýyl doldy.

Türkmenistan halkara bileleşiginiň owgan halkynyň abadan durmuşyny üpjün etmäge hem-de Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine we durnukly ösüşine iş ýüzünde kömek bermäge gönükdirilen tagallalaryny hemmetaraplaýyn goldaýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz diňe parahatçylykly, syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer usullary ulanmak arkaly bu ýurtdaky ýeňil bolmadyk ýagdaýy durnuklaşdyrmak ugrunda çykyş edýär. Şol usullar bolsa uzakmöhletli geljege gönükdirilendir. Bu işde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň Merkezi Aziýa üçin sebit merkezine möhüm orun degişlidir. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça 2007-nji ýylyň dekabr aýynda onuň ştab-kwartirasy Aşgabatda açyldy.

Parahatçylyk dörediji ýurt hökmünde abraýy barha artýan Bitarap Türkmenistanyň öz döwründe Owganystanyň içindäki gapma-garşylyklary parahatçylykly ýol bilen çözmek başlangyjy bilen çykyş edendigini hem-de özüniň paýtagtyny owganara gepleşikleriniň birnäçe tapgyrynyň geçiriljek ýeri hökmünde hödürländigini ýatlatmalydyrys. Şu geçen ýyllaryň dowamynda ýurdumyz dostlukly döwlete döredijilikli durmuşyň esaslarynyň pugtalandyrmakda hem-de ýurdy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmekde uly kömek berip geldi we bu asylly işi dowam edýär. Elektrik energiýasynyň we suwuklandyrylan gazyň ýeňillikli bahadan iberilmegi, öz serişdeleriniň hasabyna durmuş maksatly desgalaryň, hususan-da, lukmançylyk we bilim ugurly desgalaryň gurulmagy, ýaşlaryň Türkmenistanyň okuw mekdeplerinde okamagy boýunça ýardam berilmegi hem-de Owganystanyň ilatyna yzygiderli esasda ynsanperwerlik ýükleriniň ugradylmagy munuň aýdyň subutnamysydyr.

Soňky ýyllarda ýurdumyz Owganystandaky ýagdaýy çalt kadalaşdyrmak üçin täze syýasy-diplomatik gurallary işläp taýýarlamak üçin tagallalary birleşdirmek, hususan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda bu ýurduň ykdysadyýetini dikeltmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamany işläp taýýarlamak teklibi bilen çykyş etdi hem-de özüniň syýasy giňişligini zerur bolan gepleşikler üçin bermäge taýýardygyny mälim etdi.

Türkmenistan soňky onýyllyklaryň dowamynda uly synaglary başdan geçiren doganlyk owgan halkyna onuň parahatçylyga, agzybirlige hem-de ylalaşyklylyga ymtylmasynda raýdaşlyk bildirip, goňşy ýurduň durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegine gönükdirilen anyk ädimleri ädýär, bu ýurduň sebit we halkara ykdysady giňişligine netijeli goşulyşmagyna ýardam bermek ugrunda çykyş edip, energetika we ulag ulgamlarynda Owganystanyň ykdysadyýetini we düzümini gaýtadan dikeltmäge gönükdirilen sebit ähmiýetli giň möçberli taslamalaryň başyny başlaýar.

Türkmen tarapynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýoluny gurmak boýunça taslamanyň başyny başlamagyny olaryň iň möhümleriniň hatarynda görkezmek bolar.

Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan ugry boýunça täze turba geçirijiniň gurluşygyna 2015-nji ýylyň dekabr aýynda badalga berildi. Garaşsyz halkara bilermenleriň pikirine görä, türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletli iberilmegini üpjün etmäge ýardam etjek bu iri energetika taslamasynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi Türkmenistanyň ählumumy energiýa howpsuzlygynyň häzirki zaman arhitekturasyny kemala getirmäge anyk goşandy bolmak bilen, taslamama gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine kuwwatly itergi berer, ileri tutulýan durmuş meselelerini, hususan-da, Owganystanda täze iş orunlaryny döretmek boýunça möhüm meseleleri çözmäge ýardam berer.

Ägirt uly kuwwata eýe bolan ulag-aragatnaşyk ulgamynda hem hyzmatdaşlyk aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ugurdaky taslamalarda ýurdumyzyň milli bähbitleri goňşy döwletleriň we tutuş Aziýa sebitiniň ösüşiniň talaplary bilen sazlaşýar. Gürrüň Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji tapgyry-Atamyrat-Ymamnazar-Akina täze demir ýolunyň gurluşygy barada barýar. Bu demir ýol 2016-njy 28-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň gatnaşmagynda ulanmaga berildi.

Ýurdumyzyň başyny başlan, sebit we ählumumy goşulyşmagyna gönükdirilen bu giň möçberli taslamadan hem uly durmuş-ykdysady netijä garaşylýar—geljekde Aziýanyň ulag geçelgesi Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen çalt depginlerde ösýän Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň döwletlerine çykar. Şeýlelikde, polat ýol sebit hem-de halkara möçberinde ulag-üstaşyr gatnawlaryň möhüm bölegine öwrülip, bu taslama gatnaşýan ýurtlaryň häzirki zaman halkara ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyna ýardam eder.

Ulanmaga berlen Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň umumy uzynlygy 88 kilometre barabardyr, onuň 85 kilometri Türkmenistanyň çäginden we 3 kilometri türkmen-owgan serhediniň her tarapynda ýerleşen Ymamnazar we Akina demir ýol menzilleriniň arasyndan geçýär.

Täze polat ýoluň Türkmenistanda öndürilýän ýangyç serişdeleriniň, hususan-da nebit önümleriniň we suwuklandyrylan gazyň Owganystana iberilýän möçberlerini artdyrmak baradaky ylalaşygy nazara almak bilen, iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberleriniň artdyrylmagyna ýardam etjekdigi hem-de owgan ykdysadyýetiniň dikeldilmegine kuwwatly itergi berjekdigi, durmuş meselelerini çözmäge hem-de dostlukly ýurduň ilatyny iş bilen üpjün etmäge ýardam etjekdigi şübhesizdir. Owganystanyň çäginde ýerleşýän Andhoýa çenli bu polat ýoluň böleginiň gurluşygynyň dowamyny türkmen tarapy amala aşyrar.

Mundan başga-da, şu geçen ýyllaryň dowamynda türkmen elektrik energiýasy ýeňillikli şertlerde Owganystanyň demirgazyk sebitlerine iberilýär. Lebap we Mary welaýatlarynda täze kuwwatly energetika desgalarynyň gurluşygynyň tamamlanmagy bilen, elektrik energiýasynyň owgan ugry boýunça iberilýän möçberleri has-da artdyrylar.

2015-nji ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň ýurtlary boýunça ýörite wekili Mohammad Şaker Kargaryň arasynda geçirilen duşuşygyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygyň Teswirnamasyna gol çekildi. Onda 2018-2027-nji ýyllarda Türkmenistandan elektrik energiýasyny ibermek hem-de şol döwürde eksport edilýän elektrik energiýasynyň möçberlerini dört esse artdyrmak hakyndaky çözgüt bellige alyndy.

Soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny bellemelidiris. Yzygiderli geçirilýän türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri we dürli derejede, ilkinji nobatda bolsa, ýokary derejede geçirilýän ikitaraplaýyn duşuşyklar muňa ýardam etdi.

2015-nji ýylyň 21-22-nji ýanwarynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň Türkmenistana bolan ilkinji döwlet sapary soňky ýyllarda has işjeňleşen döwletara gatnaşyklaryny giňeltmegiň ýolunda örän möhüm ädim boldy. Şol ýylyň awgust aýynda bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasyna resmi sapary boldy.

Ýokary derejede gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri açdy. Söwda-ykdysady we tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-owgan hökümetara toparynyň döredilmegi hem-de bar bolan kuwwatdan we bilelikdäki işiň tejribesini netijeli ulanmak üçin täze ugurlaryň gözlenilmegi hem şuňa gönükdirilendir.

Türkmen-owgan gatnaşyklarynda ynsanperwerlik ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.Däp-dessurlaryň, medeniýetiň, ruhy-ahlak gymmatlyklaryň umumyly bilen birleşen iki goňşy halkyň gatnaşyklarynyň taryhy öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar. Hut şoňa görä-de, taraplar medeni we ylym-bilim gatnaşyklaryny yzygiderli giňeltmek, sungat ussatlarynyň wekiliýetlerini alyşmak, türkmen hem-de owgan halklarynyň özboluşly baý taryhy-medeni mirasyny öwrenmek üçin ähli şertleri döredýärler.