25 Aprel 2017, 04:04



Jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmagyň ýolunda

14.04.2017

Möhletinden öň çykyp gidenleriň saýlaw okruglarynda Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, şeýle hem welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşynyň üýtgemegi bilen baglylykda, halk maslahatlarynyň agzalarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Nobatdaky saýlawlar milli demokratik ýörelgelere esaslanýan halk häkimliliginiň köp derejeli ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüler.

Bu gezekki jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň çäklerinde dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Hususan-da, Aşgabat şäheriniň 7-nji “Güneş” saýlaw okrugy we Mary welaýatynyň 106-njy “Wekil” saýlaw okrugy boýunça ýurdumyzyň Demokratik partiýasyndan we raýatlar toparlaryndan öz wekillerini hödürlemek boýunça ýygnaklar geçirildi. Onuň çäklerinde ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyna halk wekilleri wezipesine mynasyp dalaşgärler hödürlenildi.

Halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalaryň saýlawlary boýunça saýlaw okruglarynda Demokratik partiýasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Agrar partiýasynyň welaýat, etrap we şäher guramalaryndan, şeýle hem ýurdumyzyň raýatlarynyň teklipçiler toparlaryndan dalaşgärleri hödürlemek boýunça ýygnaklar geçýär.

Ähli okruglarda bir orna birnäçe dalaşgärler hödürlenilýär. Munuň özi saýlawlaryň bäsdeşlik ýörelgelerine laýyk gelýändigini alamatlandyrýar we Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda demokratik ýörelgeleriň çuňlaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Saýlawlara milli synçylaryň gatnaşmagy onuň açyklygyny we aýanlygyny şertlendirýär.

Dalaşgärleri hödürlemek çäreleri tamamlanansoň, olar bellige alnar. Soňra dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary başlanar. Olaryň dowamynda saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňüsyrasyndaky maksatnamalary bilen tanşarlar hem-de dalaşgärlere özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berip bilerler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi