28 Maý 2017, 06:12



Paýtagtymyzyň mekdepleriniň mugallymlary we ýokary synp okuwçylary meýletinleriň hataryna goşulýarlar

15.04.2017

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlygyň çäklerinde esasan ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hasabyna meýletinler toparlary kemala geldi. Umumy orta bilim berýän we ýörüteleşdirilen mekdepleriň wekilleri-de Oýunlara işjeň taýýarlanyp, Meýletinleriň sebit merkezlerini döretdiler.

Golaýda V Aziadanyň Ýerine ýetiriji komitetiniň guran bäsleşiginiň esasynda paýtagtymyzyň mekdepleriniň okuwçylarynyň we mugallymlarynyň ençemesi resmi taýdan hasaba alnyp, iri sport ýaryşynyň meýletinleriniň hataryna goşuldylar.

Olaryň arasynda paýtagtymyzyň 6, 16, 38, 42, 64, 86 we 72-nji mekdepleriniň okuwçylary bar. Dil ugrundan ýörüteleşdirilen 7-nji mekdebiň iňlis dili mugallymlary-da meýletinler hereketine goşuldylar. Uly synp okuwçylarynyň topary bolsa, nobatdaky saýlama bäsleşige taýýarlanýarlar, olaryň köpüsi daşary ýurt dilleriniň birnäçesini bilýär. Mekdepde dillerden sapak berýän mugallymlaryň ýolbaşçylygynda ýaş meýletinler üçin sapaklar yzygiderli gurnalýar.

Aziada-2017-niň Ýerine ýetiriji komiteti bilim edaralary bilen işjeň hyzmatdaşlykda bolup, iňlis dili boýunça döwlet olimpiýadasyna gatnaşanlarynyň iň gowylaryna meýletinler hereketine goşulmagy teklip etdi, olaryň arasynda 7-nji mekdebiň okuwçylary-da bar.

Wiktoriýa NOWIKOWA