28 Maý 2017, 06:12



Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň çäklerinde halkara çärelerine taýýarlyk görülişine garaldy

15.04.2017

Aşgabatda 2017-nji ýylda Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk etmegi bilen baglanyşykly Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda halkara çärelerini geçirmek baradaky Guramaçylyk toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşygyň barşynda iri hökümetara guramasynda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçen üç aýyň içinde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi. Energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen 2017-nji ýyl üçin göz öňünde tutulan çäreleriň Maksatnamasynyň we Meýilnamasynyň ýerine ýetirilişine degişli meselelere garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, sebitleýin enertegika hyzmatdaşlygy boýunça Energetika Hartiýasynyň Maksatlaýyn toparynyň Gonkongda geçen mejlisi barada habar diňlenildi. Şol mejlise Beýik Britaniýanyň, Ispaniýanyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Gyrgyzystanyň, Russyiýanyň, Türkmenistanyň, Şwesiýanyň, Özbegistanyň halkara bilermenleri hem-de dünýäniň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar. Energetika Hartiýasynyň Sekretariaty tarapyndan Belgiýanyň paýtagty Brýusselde guramaçylyk duşuşyklarynyň birnäçesi, şol sanda Energetika Hartiýasynyň ýerine ýetirilişi boýunça Toparlar geçirildi. Energetika ulgamyna gönükdirilýän daşary ýurt maýa goýumlaryny goramak we höweslendirmek, energiýa serişdeleriniň üstaşyr iberilmegi, energiýa netijeliligi ýaly meseleler we beýlekiler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem şu ýyl—Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna Türkmenistanyň başlyklyk edýän ýylynda -- energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň umumy ýörelgelerini hem-de esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän Halkara Erergetika Hartiýasyna (HEH) döwletleriň ýene-de birnäçesiniň—Nigeriýanyň, Burkina-Fasonyň we Keniýanyň girendigi bellenildi.

Mejlise gatnaşyjylar 2017-nji ýylyň ikinji çärýeginde göz öňünde tutulan çäreleriň geçirilmegi bilen baglanyşykly guramaçylyk meselelerini ara alyp maslahatlaşyp, 30-31-nji maýda Aşgabatda geçiriljek Energetika Hartiýasynyň “Energiýa serişdelerini üstaşyr geçirmek boýunça köptaraplaýyn çarçuwaly ylalaşyga tarap ýol” atly Foruma taýýarlyk görlüşine aýratyn üns berdiler. Ýokary derejeli wekilçilikli maslahat ählumumy durnukly ösüşiň aýrylmaz bölegi bolup durýan Bütindünýä energetika howpsuzlygynyň täze gurluşyny kemala getirmek ýaly strategik taýdan möhüm ugurda halkara gepleşiklerini dowam etmäge gönükdirilendir.

Mundan başga-da, 31-nji maýda Halkara energetika media-forum, şonuň bilen birlikde bolsa energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek boýunça bilermenleriň 5-nji halkara duşuşygy geçiriler. 1-2-nji iýunda Aşgabatda Energetika Hartiýasynyň her ýyl geçirilýän okuw maslahaty bolar.

Energetika Hartiýasynyň paýtagtymyzda geçiriljek Forumynda energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygynyň bar bolan gurallaryny kämilleşdirmek, döwletler hem-de halkara guramalar tarapyndan bu ulgamda toplanylan häzirki zamanyň halkara hukugynyň we tejribesiniň umumy ykrar edilen kadalary esasynda energetika serişdelerini üstaşyr ibermek meseleleri boýunça köptaraply Çarçuwaly ylalaşygy işläp taýýarlamagyň meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşylar.

Mundan başga-da, forumyň maksatnamasyna “Tebigy gazyň serhetüsti ugradylmagy we üstaşyr iberilmegi”, “Ählumumy energetika howpsuzlygynda suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) artýan orny”, “Nebitiň dünýä bazarlaryna iberlişi”, “Elektroenergiýanyň serhetüsti söwdasy we durnukly ösüş” diýen mejlisleri goşmak göz öňünde tutulýar. Şol günler Aşgabatda Halkara energetika media-forumy geçiriler.

Guramaçylyk toparynyň mejlisiniň barşynda garalan beýleki meseleleriň hatarynda Energetika Hartiýasy Konferensiýasyna ýurdumyzyň başlyklyk etmegine degişli maglumatlaryň berilmegi baradaky mesele bar. Hususan-da, şu maksat bilen, Internet ulgamynda üç dilde ýöriteleşdirilen web-saýt (www.energyashgabat2017.gov.tm) döredildi, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de daşary ýurtly žurnalistler, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklar institutynyň halkara žurnalistika fakultetiniň mugallymlary we talyplary üçin ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde brifing geçirildi. Bellenilişi ýaly, şeýle işler dowam etdiriler.

Duşuşyga gatnaşyjylara Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasyna başlyklyk edýän döwründe Türkmenistanda we daşary ýurtlarda göz öňünde tutulan çäreleri taýýarlamak we geçirmek üçin Energetika ministrliginiň gaznasynyň döredilişi barada hasabat berildi.