23 Maý 2017, 23:48



Aşgabatly okuwçylar hytaý we ýapon dillerini gowy bilýändiklerini görkezdiler

18.04.2017

Hytaý we ýapon dillerini gowy bilýänleriň ilkinji mekdebara bäsleşigine bu diller ikinji daşary ýurt dilleri hökmünde öwrenilýän Aşgabadyň ýörüteleşdirilen orta mekdepleriniň okuwçylary gatnaşdylar. Şäher Baş bilim müdirligi şeýle bäsleşik geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdi, bu edaranyň işi çagalaryň sazlaşykly, paýhas we döredijiklik taýdan, şahsyýet hökmünde ösmegine gönükdirilendir.

89-njy mekdepde gurnalan dil bäsleşigi üç ugurda geçirilip, ol çagalara islegli bu gündogar dillerini öwrenmekde köp ugurly zehinini açyp görkezmäge mümkinçilik berdi.

Bäsleşige gatnaşanlar meşhur hytaý we ýapon ertekilerinden sahnalar taýýarlapdyrlar, olar goşgy okap, hytaý we ýapon dillerinde aýdym aýtdylar.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlaryň üç dilde ýerine ýetiren „Küştdepdisi“ türkmen, hytaý we ýapon halklarynyň medeni-ynsanperwer gatnaşyklarynyň giňeýändiginiň nyşany boldy.

Ýapon we hytaý dilleri boýunça mekdebara bäsleşigiň guramaçylarynyň biri, 130-njy ýörüteleşdirilen mekdebiň müdiriniň okuw işleri boýunça orunbasary Gurban Kasymow çagalaryň gündogar dillerini gowy bilýändiklerini görkezendigini, şonda-da 90-njy (hytaý dili) we 140-njy (ýapon dili) boýunça mekdepleriň wekilleriniň emin agzalary tarapyndan ýeňijiler diýlip yglan edilendigini belledi.

Wiktoriýa NOWIKOWA