25 Aprel 2017, 04:06



Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň Prezidentini Aziada-2017-niň açylyş dabarasyna çagyrdy

18.04.2017

Gazagystanda döwlet sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewi şu ýylyň 17-nji sentýabrynda Aşgabatda geçiriljäek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmaga çagyrdy.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň hökümet wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde geçirilen gepleşiklerde milli Liderimiz sport boýunça iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň işjeňleşendigini, türkmen we gazak türgenleriniň iki ýurtda guralýan ýaryşlara yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.