Prezidentlen Gurbanguly Berdimuhamedow we Nursultan Nazarbaýew köpçülikleýin habar beriş serşdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler

Ýokary derejede geçirilen türkmen-gazak gepleşikleri tamamlanandan soň, iki ýurduň baştutanlary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň öňünde çykyş etdiler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljekki ugurlary, özara gyzyklanma bildirilýän sebitara we halkara syýasatynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşdylan we özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlary kesgitlenen gepleşikleriň jemini jemläp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Astanada geçirilen duşuşygyň işjeň häsiýete eýe bolandygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, taraplar syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky döwletara gatanşyklarynyň häzirki derejesine ýokary baha berdiler.

Gazagystan-biziň sebitdäki möhüm we ygtybarly hyzmatdaşymyz diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Merkezi Aziýada parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzylygy üpjün etmekde ikitaraplaýyn gatnaşyklara işjeň häsiýetiň eýedigini aýtdy. Häzirki döwürde Türkmenistanyň Gazagystan bilen hyzmatdaşlygy Merkezi Aziýa giňişliginde durnuklylygyň we oňyn ösüşiň strategik şerti bolup durýar. Ýurtlaryň ikisi-de, sebiti gapma-garşylykdan we dawaly ýagdaýlardan azat zolaga, yklymda uzakmöhletleýin durnuklylygyň pugta binýadyny , giň halkara hyzmatdaşlyk giňişligini emele getirmäge gyzyklanma bildirýär.

Gepleşikleriň dowamynda iki döwletiň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy sakolamak, oňa goldawbermek, halkara terrorçylygyna, ekstremizme, neşe söwdasyna garşy durmak ýaly ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça çemeleşmeleriniň umumydygy bellenildi. Merkezi Aziýada ýadro ýaragyndan azat zolak hakyndaky Şekrtnama gatnaşyjy bolmak bilen, Türkmenistan weGazagystan mundan beýläk-de sebitde ýaragsyzlanmak meselelerine goldaw berer. Şeýle hem taraplar Owganystandaky ýagdaýyň parahatçylykly we syýasy serişdeler arkaly kadalaşdyrylmagşyna zerurdygy barada aýtdylar.

Iki ýurduň Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara we sebitleýin düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini dowam etmäge taýýardygy bellenildi.

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda Hazar deňzinde bäştaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerindäki ýygjam gatnaşyklar dowam etdiriler. Biziň ýurtlarymyz Hazaryň paahatçylygyň, hoşniýetli goşşuçylygyň, ylalaşygyň we dürli ugurlardaky özara gatnaşyklaryň giňişligine öwrülmeginiň yzygiderli tapapdarlary bolup durýarlar.

Ekologiýa meselesine, hususan-da, Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerindäki özara gatnaşyklara geçirilen gepleşikler möhüm orun berildi. Bu Gazna başlyklyk ediji ýurduň borçnamalaryny kabul etmek bilen, Türkmenistan degişli Konsepsiýany işläp taýýarlady. Onda agza döwletleriň bilelikdäki işleriniň möhüm meýilnamalary öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, gepleşikleriň barşynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara söwdany giňeltmek, senagat, hyzmatlar ulgamynda, obasenagat toplumyndaky bilelikdäki giň möçberli taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýa goýum syýasatyny işjeňleşdirmek boýunça ähli çärelere jikme-jik seretmek boýunça ylalaşyldy. Biz döwletlerimiziň bar bolan kuwwatly we düzümleýin, täze geljegi uly ugurlara çykmaga bolan degişli mümkinçiliklerine laýyklykda bu ugurdaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi baradaky bir pikire geldik diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.

Energetika we ulag ugurlary biziň hyzmatdaşlgymyzyň möhüm ugurlardyr. Türkmenistan we Gazagystan yklymda energiýa göterijileriň önümçilik möçberleri boýunça öňdäki orunlary eýeleýär. Biz döwrebap düzüme eýe bolmak bilen, Ýewropada we Merkezi Aziýada energetika hem-de ulag akymlarynyn işjeňleşmegine bolan umumy garaýyşlarymyzy beýan etdik. Biziň ýurtlarymyzyň gatnaşmagynda giň möçberli taslamalar durmuşa geçirildi. Munuň özi Gazagystanyň çäginden geçýän Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisidir we Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoludyr.

Munuň özi häzirki döwürde biziň döwletlerimiziň ägirt uly serişde mümkinçiliklerine eýedigini äşgär edýär. Türkmenistan şeýle taslamalary öňe sürmek bilen, sebitiň döwletleriniň, biziň goňşularymyzyň Ýewraziýada energetika we ulag hyzmatdaşlygyna goşulmagynyň, bu ugurlary köpugurly esasda ösdürmegiň zerurlygyndan ugur alýar. Özümiziň täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçrilmegine gönükdirilen ähli kuwwatlyklarymyzy mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri peýdalanarys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz metbugat wekillerine ýüzlenip, iki ýurduň arasynda medeni, ynsanperwer, ylym, bilim we sport gatnaşyklaryny mundan beýläk-de giňeltmek hakyndaky ylalaşyk gazanyldygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz şu günki duşuşygyň netijelerine ýokary baha berip, onuň jemleri boýunça Türkmenistan bilen Gazagystan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama, şeýle hem dürdi ugurardaky gatnaşyklar hakyndaky birnäçe resminmalara gol çekildi.

Biz Gazagystan bilen ýola goýulýan gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýäris we ony doganlyk döwletimiz hasaplaýarys. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy köp asyrlyk hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, taryhyň, medeniýetiň, diliň, ruhy gymmatlyklaryň ýakynlygy baglanyşdyrýar. Biz gazanylan ruhy baýlyklary aýawly saklap, häzirki döwrüň ruhunda onuň üstüniň täze mazmun bilen ýetirilmegine üns berýäris. Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdüriler diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Munuň özi iki ýurduň we halklaryň uzakmöhletleýin bähbidine laýyk gelýär hem-de halkara ýagdaýlaryň oňyn ösüşiniň, Merkezi Aziýada parahatçylygyň we durnuklylygyň saklanmagynyň, onuň ykdysady rowaçlygynyň möhüm şerti bolup durýar.

Ikitaraplaýyn gtanaşyklaryň berkidilmeginde, onuň Türkmenistan bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygynyň meselelerine yzygiderli üns berilmeginde Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň ägirt uly şahsy goşandyny belläp, milli Liderimiz özüniň gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirdi we Gazagystanyň doganlyk halkyna parahatçylyk we gülläp ösüş, onuň döredijilikli zähmetinde mundan beýläk-de üstünlik arzuw etdi.