Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Dostyk” ordenine mynasyp boldy

Belent mertebeli türkmen myhmanynyň hormatyna Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti “Akorda” köşgünde resmi agşamlyk naharyny berdi. Onda iki döwletiň Baştutanlary söz sözlediler.


Dabaraly kabul edişligiň barşynda Gazagystanyň Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, döwletara gatnaşyklaryny ösdürmäge, iki halkyň arasyndaky gadymdan gelýän dostluk gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga hem-de ählumumy parahatçylygy we ylalaşyklylygy üpjün etmek işine, netijeli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge ägirt uly goşandyny nygtap, Türkmenistanyň Baştutanyny Gazagystan Respublikasynyň döwlet sylagy – I derejeli “Dostyk” ordeni bilen sylaglamak barada çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi.

Ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda Prezident Nursultan Nazarbaýew türkmen kärdeşine bu ýokary we hormatly sylagy gowşurdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazygystanyň baştutanyna bildirilen hormat-sarpa üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, bu ýagdaýy iki ýurduň arasyndaky dostluk we doganlyk gatnaşyklarynyň barha berkeýändiginiň aýdyň subutnamasy hem-de Türkmenistanyň parahatçylyksöýüjilikli bitarap daşary syýasatyna berlen ýokary baha, tutuş türkmen halkyna ýokary sylag hökmünde kabul edýändigini belledi.