23 Maý 2017, 23:49



Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH ) bilen «Kazinform» MHA-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi

18.04.2017

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde iki taraplaýyn özara hereketi ösdürmegiň strategiýasyny kesgitleýän iki taraplaýyn resminamalaryň tapgyryna gol çekildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH ) bilen „Kazinform“ halkara habarlar agentliginiň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama şolaryň biridir.Resminama gol çekmek dabarasy ýurt boýunça iň kän habarçylary bolan we habarlary bäş dilde-gazak, rus, iňlis, arap, hytaý dillerinde ýaýradýan Gazagystanyň iň iri habarlar gullugynyň-„Kazinformyň“ edarasynda boldy. „Kazinformyň“ internet habarlaryndan günde 80 müň adam peýdalanýar.


Resminama gol çekmek dabarasyna Gazagystanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we ýurtda ýerleşýän daşary ýurt habarlar agenlikleriniň wekilleri gatnaşdylar. TDH-nyň ýolbaşçysy Bekdurdy Amansaryýewiň öz çykyşynda belleýşi ýaly, şu gün taryhy-medeni, ruhy kökleri umumy bolan doganlyk iki halkyň bähbitlerine döwletara özara hereketiň şertnama-hukuk binýadynyň üstüni ýetirdi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň Prezidentleri halkara we sebit meselelerinde, şol sanda Hazar deňzinde hyzmatdaşlykda, Aral kynçylygyny çözmek, owgan halkyna kömek etmekde eýeleýän orunlarynyň meňzeşligini ýene bir gezek subut etdiler.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň hyzmatdaşlygy artdyrmaga we ulag hem-de energetika ulgamynda sebit boýunça özara hereketiň gurallaryny işläp taýýarlamaga ägirt uly mümkinçiligi bar,-diýip, TDH-nyň ýolbaşçysy aýtdy.--Biziň dostlugymyzyň başy bolsa-da, ahyry bolmaz, biz- žurnalistler ýurtlarymyz barada giňişleýin düşünje berýän we olarda bolup geçýän özgertmeleriň sazlaşygyny beýan edýän täze habarlary we analitik materiallary alşyp, halklarymyzyň ýakynlaşmagyna ýardam etmelidiris.

Gol çekilen Ähtnamanyň esasy maksady Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda maglumatlar integrasiýasydyr,-diýip, „Kazinform“ HHA-nyň baş direktory Askar Umarow nygtady.- Türkmenistan we Gazagystan iri taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýarlar, biz hem mediany ulanmak arkaly olaryň gidişini işjeň beýan etmelidiris.


TDH bilen „Kazinformyň“ arasynda Ähtnama gol çekilmegi –ýurdumyzyň maglumatlar ulgamynda halkara gatnaşyklaryny giňetltmekdäki ýene bir möhüm ädimidir. Resminama laýyklykda taraplar maglumat we analitik materiallary, şeýle hem fotosuratlary we wideokontenti yzygiderli alşarlar.

Bu wakanyň iri sport forumyna-ýapyk bilarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk jähtinden ähmiýeti ulydyr. Ýurda, onuň gadymy taryhyna, durmuş-ykdysady özgertmelerine, köpgyraňly medeniýetine, özboluşly däplerine we ýokary netijeli sporty ösdürmäge we sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmaga üns çekmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelrine möhüm orun berilýär.

TDH-nyň hünärmenleri milli internet-saýtlary işläp taýýarlamakda, teniki we maglumatlat üpjünçiligini alyp baryp, milli köpçlikleýin habar beriş serişdeleriniň dünýä habarlar giňişligine goşulyşmagyna we ýurduň üstünliklerini halkara derejesinde wagyz etmäge ýardam edýärler.

Surat «Kazinform» HHA-nyň saýtyndan alyndy