25 Aprel 2017, 04:04



Türkmenistanyň Prezidenti Astanada Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy hem-de Gazagystanyň Milli muzeýine baryp gördi

19.04.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparynyň çäklerinde Watan goragçylarynyň ýadygärligine gül dessesini goýdy hem-de Gazagystanyň Milli muzeýine baryp gördi.

Ýakynda Astanada, “Akorda” köşgünde ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleri geçirildi. Şol gepleşikler netijeli syýasy gatnaşyklary has-da ösdürmäge, döwletara söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer aragatnaşyklary giňeltmäge itergi bermek üçin täze ugurlary kesgitledi. Duşuşykda bellenilişi ýaly, dünýä derejesindäki esasy meselelere bolan umumy garaýyş, hoşniýetli goňşuçylyk däpleri, özara hormat goýmak, açyklyk we ynanyşmak, ruhy gymmatlyklaryň umumylygy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň binýadydyr.

Şeýle egsilmez gymmatlyklaryň biri faşizme garşy ýowuz gandöküşikli söweşde mähriban topragyň azatlygyny goran merdana goragçylaryň, häzirki we geljekki nesilleriň röwşen geljeginiň bähbidine wepat bolanlaryň hatyrasyny tutmakdyr. Agyr uruş ýyllarynda gaýduwsyz türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, janlaryny aýaman frontlarda söweşip, deňsiz-taýsyz edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Şolaryň arasynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet Annaýew hem bar. Onuň ömür ýoly häzirki wagtda türkmen ýaşlary üçin hakyky watançylygyň, akýürekliligiň hem-de borja wepalylygyň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Irden Türkmenistanyň Baştutany öz kabulhanasyndan Watan goragçylarynyň meýdançasyndaky ýadygärlikler toplumyna tarap ugrady.

Belent ýadygärligiň ýanynda Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary parlaýar. Ýadygärligiň merkezindäki şekil — zenan altyn okarany — parahatçylygyň we gülläp ösüşiň nyşanyny saklap dur. 101 bugdaý sünbülinden ybarat bolan kyrk metrlik bina Gazagystanda ýaşaýan ähli milletleriň agzybirligini alamatlandyrýar. Desganyň sag we çep ýüzünde edermen esgerler, gaýduwsyz gazak batyrlary şekillendirilipdir. Binanyň eteginde Baky ot ýanyp dur.


Ýadygärlige alyp barýan ýoluň ugrunda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Hormat garawulynyň başlygy Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär. Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystanyň halk gahrymanlaryny hatyralap, harby orkestriň ýerine ýetirmegindäki dabaraly mukamyň owazy astynda ýadygärligiň etegine ajaýyp gül dessesini goýýar.

Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň Döwlet senalary ýaňlanýar...

Bu ýerden hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Gazagystanyň milli muzeýine ugrady.

Bu ýerde türkmen Liderini muzeýiň ýolbaşçylary garşyladylar hem-de taryhyň gymmatlyklary saklanylýan bu iri muzeýiň eksponatlary bilen tanyşmaga çagyrdylar.

Täsin muzeý toplumy 14 müň inedördül metrden gowrak umumy sergi meýdançasy bolan zallaryň 11-sini özünde jemleýär. Muzeý dünýä ölçeglerine laýyk gelýän enjamlar bilen enjamlaşdyrylypdyr, ekspozisiýalar üçin iň täze sergi tehnologiýalary: ýörite kontenti bolan iki zal üçin işleýän egrem görnüşli täsin ekran, ýere düşelen media ulgam, häzirki zaman Astananyň merkezi böleginiň taslamasy, köp sanly media-ekranlar, gologrammalar, diod-ýagtylykly LED-tehnikalar, sensorly, üç dilde maglumat berýän multimediýaly enjamlar ulanylýar.

Muzeýiň eýwanynda onuň ýokary başyndaky ganatyny ýaýyp duran äpet uly altyn bürgüt ilki bilen göze ilýär. Bürgüt — bu erkinligiň, wepalylygyň we batyrlygyň nyşany. Guşuň özboluşly şekili özbaşdak döwletiň dünýä ösüşiniň belentliklerine ymtylmalaryny şöhlelendirýär.

Ekran görnüşde bolan Gazagystanyň ägirt uly 3D-kartasynyň ýüzünde dürli ýagtylykly saz şüweleňi Türkmenistanyň Prezidentine görkezildi. Şol ekranyň ýüzünde ýurduň esasy binagärlik we taryhy gözellikleri, tebigaty, döwletiň ösmegine uly goşant goşan şahsyýetleriniň şekilleri şöhlelendirilýär.

“Mengilik Ýel” diýen triptih muzeýde aýratyn orun tutýar. Belli gazak suratkeşleriniň işlän bu eserinde gazak halkynyň taryhy we häzirki güni beýan edilýär.

Eseriň bir bölegi gazak hanlygynyň düýbüni tutujylar bolan Kereý hanyň hem-de Žanybek hanyň keşplerinde guralypdyr. Surat eseri ägirtligi, çylşyrymly köp şekilli kompozisiýasy bilen tapawutlanýar.


Beýleki bölek däp bolan “Žeti žardy” diýen umumygazak hukugynyň maslahatyna bagyşlanypdyr. Köp şekilli kompozisiýanyň merkezinde Tauke hanyň ýolbaşçylygynda baş gazak kazylarynyň ýerleşdirilmegi bilen köp sanly adamlaryň şekilleri birleşdirilýär. Taryhy pursat beýan edilýän eýýamyň ýagdaýlaryny döredýän etnografik hem-de binagärlik serişdeleriniň goşulmagy arkaly goşmaça açylyp görkezilýär.

Eseriň kompozision we çeperçilik merkezi hökmünde Garaşsyz Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti Nursultan Nazarbaýewiň portreti ýerleşdirilipdir. Eseri döredijileriň pikiri Gazagystanyň halky öz Lideri bilen bilelikde XXI asyra gadam basýar diýen manyny aňladýar.

Soňra türkmen Lideri ýazuw galereýasyna, Altyn zala baryp gördi. Bu ýerlerde Taldy-2, Yssyk, Taksaý gorganlaryndan tapylan tapyndylar, žarmin hazynasy hem-de beýleki baý täsin gadymy tapyndylaryň toplumy görkezilýär.

Bu ýerde gadymy gazak esgeriniň keşbi barada düşünje berýän gaýtadan dikeldilen görnüş, skif-sak medeniýetiniň altyndan bolan önümleri, şeýle-de ýaraglaryň, ata goşulýan enjamlaryň nusgalaryny we sungat önümlerini görüp bolýar.

Serginiň esasy gymmatlygy “Altyn adamdyr”. Bu tapyndy biziň eýýamymyza çenli V-IV asyrlar döwrüne degişli hasaplanylýar hem-de dürli usullarda ýerine ýetirilen altyn önümleriniň 4 müňden gowragyny özünde jemleýär.

Baştutanymyz gazak halkynyň maddy we ruhy medeniýetine, durmuşynyň däp-dessurlaryna bagyşlanylan etnografiýa zalyna hem baryp gördi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, sergide görkezilýän türkmenleriň ak öýi ýaly ondan-oňa göçürilýän, adatça, keçeden taýýarlanan ýaşaýyş öýi esasy medeni gymmatlyklaryň biri bolup, durmuş, maşgala gatnaşyklarynyň dürli ugurlaryny aňladýar.

Şeýle hem muzeýde saz gurallary, durmuşda ulanylýan we medeni däp-dessurlara degişli enjamlar, dürli senetçilik serişdeleri hem-de amaly-haşam sungatynyň eserleri görkezilipdir. Zalda tegelek görnüşli ekran oturdylyp, onda gazaklaryň tebigy gurşawynda däp bolan obasynyň görnüşleri bolan wideofilm görkezilýär.

Wizual ses usullary tomaşaçylar üçin hakyky ýagdaýy döredýär. Olar hem gazaklaryň durmuşy, keçeden taýýarlanylýan öýüň gurluşy, ýygnalyşynyň düzgüni hem-de gurnalyşy barada wideoşekilleri görüp bilýärler. Zalyň ekspozisiýasynda halk ussalarynyň önümleriniň nusgalarynyň galogrammasy aýratyn orun tutýar.


Soňra Türkmenistanyň Baştutany Gazagystanyň Garaşsyzlyk zalyna bardy. Bu ýerde 1991-nji ýylda Respublikanyň özbaşdak döwlet diýlip yglan edilen pursadyndan başlap, şu günki güne çenli ýurduň taryhy beýan edilýär. Döwlet nyşanlaryndan, sylaglardan, pul serişdelerinden, markalardan başga-da, bu ýerde ykdysadyýetiň, ylmyň we medeniýetiň ösüşini, geçirilen özgertmeleri, täze senagatyň döredilişini, daşary syýasatyň üstünliklerini görkezýän maglumatlar berilýär.

“Proton—M” raketasynyň hem-de “KAZSAT—2” hemrasynyň uly göwrümli taslamasy Gazagystanyň kosmos pudagyndaky gazananlaryny we kuwwatyny şöhlelendirýär. Uly LED-ekranlarda hem-de sensorly enjamlarda taryhy fotoresminamalar we maglumat berilýän şekiller getirilipdir.

Astana zalynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Garaşsyz Gazagystanyň paýtagty hökmünde Astananyň döreýşiniň, kemala gelşiniň we ösüşiniň taryhyny beýan edýän gymmatlyklaryň ýygyndysy görkezildi. Resmi wakalaryň tertibinde guralan taryhy maglumatlar gadymy döwürden biziň günlerimize çenli şäheriň taryhyny yzarlamaga mümkinçilik berýär.

Maglumatlaryň jemlenen ýerleriniň biri Garaşsyzlyga eýe bolnuşyna, taryhy atlaryň gaýtadan dakylyşyna, paýtagtyň Almatydan Astana geçirilişine, Astana şäheriniň nyşanlarynyň kabul edilişine bagyşlanypdyr.

Beýlekilerde gazak paýtagtynyň döwrebap binagärlik keşbiniň döreýşi barada gürrüň berilýär, onuň ykdysady düzümleri, ulag-aragatnaşyk ulgamy, lukmançylykda gazanylanlar we beýlekiler barada doly düşünje berilýär.

“Sport” bölüminde Aziada (VII Gyşky Aziýa oýunlary) bagyşlanan serişdeleri, şäheriň sport desgalary, Astananyň ussat toparlary we türgenleri barada maglumatlar berilýär.

Astana zalynda paýtagtyň taslamasy hem-de ýere düşelen media ulgam aýratyn ünsi çekýär. Olar egrem görnüşli täsin ekran bilen bilelikde owadan şüweleň döredýär. Çyralar öçýär we ýagtylyk berýän şöhlelerde şäheriň gurlup başlanyşynyň hronologik tertibinde bölekler boýunça tomaşaçylaryň gözleriniň öňünde tarp ýerden şäher döräp başlaýar...


Okgunly ösüş hem-de binagärlik gözelligi türkmen we gazak paýtagtlaryny ýakynlaşdyrýan esasy alamatlardyr. Bu iki paýtagt doganlyk gatnaşyklary bilen baglanyşyklydyr. Bu barada düýn ýokary derejedäki türkmen-gazak gepleşikleriniň netijeleri boýunça gol çekilen beýleki ikitaraplaýyn resminamalaryň hatarynda ylalaşyk kabul edildi.

Şol wagt muzeýde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilinde neşir edilen eserleriniň tanyşdyryş dabarasy geçýärdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlaryň kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyryp, muzeýden çykdy hem-de ýygnananlar bilen mähirli hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna döwlet saparyny tamamlap, Astana şäheriniň Halkara howa menziline gelip, bu ýerden Watanymyza ugrady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi