28 Maý 2017, 06:12



Gazagystanyň Milli muzeýinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gazak dilindäki neşirleriniň tanyşdyryş dabarasy boldy

19.04.2017

Gazak okyjylaryna “Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz”, “Ganatly bedewler” hem-de “Gadamy batly bedew” kitaplar hödürlenildi. Munuň özi häzirki wagtda bütin dünýäde Türkmenistana hem-de türkmen halkynyň medeni mirasyna gyzyklanmanyň barha artýandygynyň ýene-de bir subutnamasydyr.

Gazak dilinde neşir edilen ajaýyp eserleriň tanyşdyryş dabarasyna Gazagystanyň medeniýet we ylym ulgamynyň wekilleri, muzeý işgärleri, ýazyjylary, žurnalistleri, jemgyýetçilik işgärleri, Gazagystanyň sport toparlarynyň wekilleri hem-de meşhur atşynaslary, ýurdumyzyň resmi wekiliýetiniň agzalary gatnaşdylar.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň bu kitaplary milli we dünýä medeniýetiniň bahasyna ýetip bolmajak gymmatlygy hökmünde mynasyp ykrar edilen, asyrlaryň içinde şöhrat gazanan ahalteke bedewiniň senasyna öwrüldi.

Tanyşdyryş dabarasynda çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nyşany bolan ahalteke bedewleriniň bu gün milli Lider Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň belent maksatlaryny we ymtylmalaryny alamatlandyrýandygyny nygtadylar. Häzir ýurdumyzyň atçylygy maksada gönükdirilen döwlet goldawyny alyp, täze ýokary göterilişdedir...

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda häzirki döwrüň ähli talaplaryna kybap gelýän hem-de tehnikanyň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça merkezi edarasy Aşgabatda bolan Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikleri açyp, behişdi bedewleriň bütin dünýä boýunça mundan beýläk-de ýaýradylmagyna ýardam edýär.


Her ýyl aprel aýynyň ahyrky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli dabaralarda Aşgabada köp sanly daşary ýurtly myhmanlar ýygnanýarlar. Bu ýyl baýramçylyk aýratyn häsiýetli bolar, çünki atyň keşbi sentýabrda Aşgabatda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň tanyşdyryş dabaralary hem gazagystanly dostlarymyzy we doganlarymyzy ýurdumyza çagyrmagyň özboluşly nusgasyna öwrüldi.

Tanyşdyryş dabarasynyň geçýän mahaly, ýygnananlaryň şatlygyny artdyryp, ajaýyp eserleri ýazan hormatly Prezidentimiziň özi hem geldi. Milli Liderimize söz berildi.

Döwlet Baştutanymyz dabarada çykyş edip, Türkmenistanda behişdi bedewleriň halk tarapyndan neneňsi uly mähir bilen gurşalyp alnandygy barada gürrüň berip, “At—myrat”, “At agynan ýerde toý bolar” diýen gadymy nakyly mysal getirdi.

Türkmenleriň we gazaklaryň atlar bilen baglanyşykly birnäçe ýakyn dessurlary bar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Her ýyl Gazagystanyň wekiliýeti Aşgabatda geçirilýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlislerine, pudaklaýyn maslahatlara gatnaşýar.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem aprel aýynyň ahyrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda gurlan atlar üçin niýetlenilen Halkara karantin merkeziniň açylmagynyň maksat edinilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, ýurdumyzda atçylygy ösdürmek üçin hemme şertler döredildi.

Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna milli göreş we konkur boýunça ýaryşlaryň hem goşulandygyny aýdyp, bu ýaryşlarda gazak türgenleriniň öz ussatlygyny görkezip, baýrakly orunlary eýelejekdiklerine ynam bildirdi. Milli Liderimiz şeýle hem gazagystanlylary Türkmen bedewiniň baýramyna çagyrdy.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem muzeýiň baý köpdürli ekspozisiýasynyň täsir galdyrandygy barada aýdyp, onuň gaznalarynyň köpasyrlyk mirasy, taryhy-medeni gymmatlyklary geljekki nesiller üçin degişli derejede gorap saklamakda möhüm orun tutýandygyny nygtady. Olaryň ylmy esasda öwrenilmegi we oňa wajyp ähmiýet berilmegi häzirki döwürde ýaşaýanlaryň watançylyk borjudyr. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, däp-dessurlarda, milli gymmatlyklarda türkmen we gazak halklarynyň umumylygy köp. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyny hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösüşiň täze tapgyryna çykarmak üçin oňat esas bolup durýar.

Türkmen Lideri öz kitabynyň nusgalarynyň birini Gazagystanyň Prezidenti Nursultan Nazarbaýew üçin hoşniýetli arzuwlar ýazyp, gol çekip berdi hem-de doganlyk türkmen-gazak gatnaşyklaryny has-da ösdürmäge bolan ymtylmalaryny tassyklady.

Gazak tarapynyň wekilleriniň habar berşi ýaly, türkmen Lideriniň kitaplary giňden ýaýradylar, şol sanda ýurduň sebitlerindäki kitaphana gaznalaryna hem-de okuw mekdeplerine geçiriler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi