28 Maý 2017, 06:11



Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy

19.04.2017

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi tassyklanyldy.

Bäsleşikleriň hatarynda ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda döredijilik bäsleşikleri bar.

Bäsleşikler türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, Aşgabat şäherinde 2017-nji ýylyň 29-njy aprelinde geçiriler.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi