24 Aprel 2017, 08:36



ÝeHHG-nyň Merkezi žurnalistler we döwlet işgärleri üçin okuw gurnady

20.04.2017

Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň guramagynda „Metbugat merkezi döwlet edaralarynyň we raýatlaryň arasynda aragatnaşyk serişdesi hökmüne“ atly üç günlük okuwy başlandy. Oňa ykdysadyýet we dolandyryş ulgamynyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn edaralarynyň, hukuk goraýjy edaralaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

ÝeHHG-nyň Aşgabatdaky Merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Drozdyň belleýşi ýaly,Türkmenistanyň Hökümeti ýurduň içinde we daşynda habarlary ýaýratmak serişdelerine, şeýle hem döwlet häkimiýeti edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçiligiň has ysnyşykly özara hereketine uly üns berýär. Merkez köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň durmuş we jemgyýetçilik ähmiýetli milli maksatnamalary beýan etmek işini işjeňleşdirmekde Türkmenistanyň Hökümeti bilen netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Häzirki okuw metbugat –maslahatlaryny we köp taraplaýyn duşuşyklary geçirmegi kämilleşdirmäge, jemgyýetçilge habarlar elýeterligini amatlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Umumy we amaly sapaklary tälimçiler- Ukrainadan Zoýa Kazanji we Polşadan Pawel Liskewiç alyp barýarlar.

Ýelena DOLGOWA