24 Aprel 2017, 08:36



Demirgazyk sebitiň welaýat merkezinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlaryny gurmak maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär

19.04.2017

Daşoguz şäheriniň merkezi böleginde geljekki ýaşaýjylaryň gurluşyga paýly gatnaşmagynda köp öýli dört gatly jaýlaryň üçüsi bina edilýär. Otaglarynyň ýerleşdirilişi gowulandyrylan öýler giňişdir we olaryň gurluşygynda döwrebap ekologik serişdeler ulanylýar. Olaryň ikisinde timarlaýyş, üçünjisinde bolsa, gurluşyk işleri alnyp barylýar. Ozal Şähribossan köçesinde gurluşyga paýly gatnaşmagyň hasabyna 16 öýli şu kysmy dört gat jaý bina eilipdi.

Şu ýylyň başynda Daşoguz welaýatyna iş sapary bilen gelen wagtynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary hakda gürrüň edende, ilkinji nobatda ilatyň durmuş şertlerini gowulandyrmaga, oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş-dynç alyş binalarynyň gurluşygyna üns beriljekdigini belläpdi.

Häzirki wagtda Daşaguz şäherinde ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary gurlanda maliýeleşdirmegiň dürli çeşmeleri ulanylýar. Elbetde, olaryň esasy bölegi döwlet serişdeleriniň hasabyna gurulýar. Mysal üçin, Nowruz-2 etrapçasynda otaglarynynyň ýerleşişi gowulandyrylan ýokary amatlykly, abadanlaşdyrylan täze ýaşaýyş jaý toplumy kemala gelýär. Golaýda bu ýerde 24 öýli ýene bir dört gat jaý bina edildi. Ýakyn wagtda welaýat merkezinde ösen durmuş düzümli: 600 okuwça niýetlenen mekdepli, 240 orunlyk çagalar bagly, Saglyk öýli, köp gatly ulag duralgaly täze ýaşaýyş jaý toplumynyň tapgyrlaýyn gurluşygyna başlanylar.

Batyr ÖRÄÝEW