24 Aprel 2017, 08:36



BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň bilermenleri, türkmen parlamentarileri we pudaklar boýunça hünärmenler howanyň üýtgemegine garşy göreşiň milli meýilnamasynyň taýýarlygny ara alyp maslahatlaşdylar

19.04.2017

Aşgabatda BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň ýardam bermeginde howanyň üýtgemeginiň meselesine bagyşlanan „tegelek stol“ geçirildi. Onuň mejlisinde uýgunlaşdyryş milli meýilnamasynyň taýýarlygy ara alnyp maslahatlaşyldy, ol ýylyň ahyrynda howanyň üýtgemegine garşy göreş üçin Ýörüte gaznanyň garamagyna berler.

Duşuşyga gatnaşan Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komitetiniň, Oba we suw hojalygy ministrliginiň, Mejlisiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri boýunça döwlet kärhanasynyň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeoroligiýa baradaky milli komitetiniň,Ykdysadyýet we ösüş, Maliýe ministrlikleriniň, şeýle hem ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň wekilleri howanyň üýtgemegine garşy hereket boýunça çäreleri bellediler.

Mejlisiň çäklerinde halkara gaznalarynyň uýgunlaşdyryş çärelerini maliýeleşdirmeginiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň halkara maslahatçysy hanym Ýowel beýleki ýurtlaryň tejribesi barada gürrüň berdi. Pudaklar boýunça duşuşyklara gatnaşanlar bu mesele jähtinden öz edaralarynyň maksatlaryny hem-de wezipelerini kesgitlediler.

„Mejlisiň şeýle wekilçilikli geçirilmegi ykdysady işiň howa ýaramaz täsirini mümkingadar peseltmek boýunça umumy strategiýany işläp taýýarlamaga ýardam eder. Biz töwekgelçilikleri dolandyrmagyň we oňa seslenmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdyk. Ýurtlaryň howanyň üýtgemegine täsirini peseltmek boýunça halkara borçlaryny bellän Pariž ylalaşygynyň çäklerinde iş alnyp barylýar. Munuň üçin ýurtlaryň ählisi pes uglerodly ykdysady ösüşiň uzak möhletleýin strategiýasyny we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň meýilnamasyny işläp taýýarlamaga borçlanýarlar“,-diýip hanym Ýowel belledi.

Mejlisiň deputaty Gülşirin Tagandurdyýewa häzirki wagtda milli parlamentiň ekologiýa howpsuzlygy, pagtaçylyk we ýer kadastry hakynda Kanunlary taýýarlaýandygyny söhbetdeşlikde nygtady.

Ýelena DOLGOWA