Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy hindi kärdeşi Pranab Mukerji gutlady

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Pranab Mukerjiniň iberen gutlag hatynda “Biziň döwletlerimiziň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň hökümetine we halkyna gutlaglarymy ýollamak mende örän ýakymly duýgulary döredýär.

Köpugurly hindi-türkmen gatnaşyklarynyň durnukly ösýändigini kanagatlanma bilen bellemek hem-de dürli ulgamlarda gazanylan bilelikdäki üstünliklere ýokary baha bermek bilen, biz özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ymtylýarys.

Hindistan Respublikasy bilen Türkmenistanyň hyzmatdaşlygynyň iki halkyň abadançylygynyň hem-de olaryň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine täze sepgitlere çykjakdygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa mundan beýläk-de öňegidişlik we rowaçlyk arzuw edýärin” diýip aýdylýar.