24 Aprel 2017, 08:36



Koreýanyň kompaniýalary ýokary tehnologiýalar ulgamynda gazananlaryny Türkmenistana hödürleýär

20.04.2017

Aşgabatda türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlygy boýunça 2-nji maslahaty geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekiliýeti Türkmenistana geldi. Türkmen tarapyndan forumyň işine birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de esasy hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşygyň gün tertibine käbir ugurlar boýunça, hususan-da, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat ulgamlarynda we beýleki ugurlarda uzakmöhletleýin esasda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri girizildi.

Maslahatyň barşynda milli ykdysadyýetiň ösüşiniň ýokary depgini, jemi içerki önümiň durnukly ösüşi, ýurdumyzda döredilen amatly maýa goýum ýagdaýy Koreýanyň işewür toparlary üçin türkmen bazarynyň özüne çekijiligi nygtaldy.

Myhmanlar özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmagyň barşynda türkmen hyzmatdaşlaryny Koreýanyň esasy kompaniýalarynyň kuwwaty we mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar. Ýokary tehnologiýalar babatda dünýäde öňdebaryjylaryň hatarynda durýan Koreýa Respublikasynyň iň täze ylmy we önümçilik işläp taýýarlamalaryny teklip etmäge hem-de Türkmenistanda üstünlikli amala aşyrylýan döwlet maksatnamalaryna we milli hem-de sebit ähmiýetli bilelikdäki taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardygy bellenildi. Şunuň bilen birlikde, dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň ýurtda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, ýokary hünärli işgärleri taýýarlamaga goşant goşmaga meýli beýan edildi.

Maslahatyň çäklerinde dürli derejede gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary ilerletmek barada özara gyzyklanma bildirilip, pikir alşyldy hem-de olary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimler bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi