Çeperçilik sungaty muzeýinde Türkmen bedewiniň baýramyna bagyşlanan sergi açyldy

Žiwopis žanrynyň ussatlarynyň döredijiliginde bedewler mowzugy bu serginiň esasy aýratynlygydyr.


Sergi Türkmenistanyň halk nakgaşy Öwezmämmet Mämmetnurowyň „Türkmen bedewleri“ eseri bilen açylýar. Köpetdagyň eteginde otlap ýören ahal-teke atlarynyň ikisi, hamala, özara söhbet edýän ýaly bolup dur. Nakgaş güýz manzarynda owadandan buýsançly bedewleri şekillendiripdir. Atlaryň akylly gözleri tomaşaçyny özüne bendi edýär.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Aýhan Hajyýewiň „Maşgala bolup baýrama“ atly suraty Aşgabadyň etegindäki owadan Bagyr obasynda çekilipdir. Eseriň alynky görnüşinde dabara taýýarlanýan maşgala, onuň merkezindäki maşgalabaşynyň her tarapynda bir ogly şekillendirilen.


Olaryň biri ýörüte paýtagtdan gelipdir, onuň kaşaň eşiklerinden we şahsy ulagyndan çen tutsaň, ýagdaýy ganymat bolmaly. Şonda-da atasy kaşaň bezelen bedew üstündäki körpesini has gowy görýäne meňzeýär. Kakasy tejribeli çapyksuwar hökmünde ogluna ýerlikli maslahatlar berýär...Maşgala gatnaşyklarynyň çeper beýany tomaşaçylaryň ünsüni olary jebisleşdirýän we ýagşy özgerişlere nyşan bolan ak bedewde jemleýär.

Gulnazar Bekmyradowyň „At çapyşygy“ eserinde ganat baglap uçup barýan bedewleriň bäşisi şekillendirilen.Suratda hakykat hyýaly zatlar bilen utgaşyp gidýär. Nakgaş bizi çapyşygyň gyzykly we jadyly dünýäsine alyp gidip, „jenneti bedewleriň“ owadanlygyny, inçe bil kämilligini we olaryň deňi-taýsyzlygyny nygtaýar.


Ýakup Annanurow „Sylag alan“ eserinde ýeňiş dabarasyny beýän edýär, onda arkasyna ýeňiş halysy atylan at henizem badyny saklap bilmän aýlanyp ýör. Onuň gapdalyndan jylawyndan tutup çapyksuwar ylgaşlap barýar. Köpsanly janköýerler bolsa begenjinden telpegini göge zyňýarlar! Suratyň ýeňiş dabarasy tomaşaçylara-da täsirini ýetirýär.


Türkmenistanyň halk nakgaşy Çary Amangeldiýew „Döwlet Hojabaýewiň portreti“ eserinde onuň gapdalynda atyň suratyny çekmedik bolsa eser gutarnykly bolmazdy. Sirk arenasynda tanymal türkmen çapyksuwary tomaşaçylaryň şowhunly el çarpmasyna maýyl bolup dur. Atyň kellesi ussadyň başyna golaý gelipdir. Olar bir göwre-bir jan bolup çykyş edipdirler.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýarly Baýramowyň „Köpetdagyň eteginde“ eserinde zümerret aý gaýalarynyň öňünde farfor heýkeljiklere meňzäp ýüwrüp ýören bedewler şekillendirilipdir. Bu ajaýyp nakgaşyň öz dünýä garaýşy, çeperçiliktilsimi bolup, ol tomaşaçylara şatlyk paýlaýar...