Türkmen milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda Aman Agajykowyň „Si-bemol minor simfoniýasy“ ýerine ýetirildi

Ony 1941-1945-nji ýyllaryň urşunda gazanylan Ýeňşiň 72 ýyllygy mynasybetli konserwatoriýanyň Türkmenistanyň halk artisti Aşyr Hojatowyň ýolbaşçylygyndaky simfoniki orkestri ýerine ýetirdi.


Türkmenistanyň halk artisti kompozitor Aman Agajykow „Si-bemol minor simfoniýasyny“ 1971-nji ýylda uruş gahrymanlaryna bagyşlap ýazypdy. Simfoniýanyň owazlarynda milletiň hakydasyna siňen we taryha giren haýyn duşmana garşy galkynan halkyň hasraty, Watan goragçylarynyň gahrymançylygy, uruşda pida bolanlara gynanç we ýeňiş dabarasy duýylýar.

„Si-bemol minor simfoniýasy“ orkestriň ýerine ýetirmeginde dürli duýgular ummanyny beýan edip, diňleýjleri özüne bendi edýär.


Milli kompozitrçylyk mekdebiniň zehinli wekili Türkmenistanyň halk artisti kompozitor Aman Agajykow aramyzda gezip ýören bolsa şu ýyl ol 80 ýaş toýuny bellärdi. Onuň hatyrasyna konsertde onuň ýene 9 eseri—aýdymlary, romanslary, „Sona“ we „Gowgaly gije“operalaryndan ariozolary ýaňlandy. Olary Türkmenistanyň at gazanan artisti Atajan Berdiýew, şeýle hem Sona Gurbanowa, Agajan Genjimow, Şirinjan Gurbanowa we beýlekiler ýerine ýetirdiler. Türkmenistanyň halk artisti, ussat gyjakçy Annageldi Jülgäýewiň çalan „Aýralyk“ we „Sorama“ eserlerinde pikirleriň, duýgylaryň we keşpleriň jebisligini çeper beýan edilip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazandy.


Konsetde Rejep Allaýarowyň aýdymçylar, hor we simfoniki orkestr üçin „Eziz Diýar“ odasy hem ýerine ýetirildi. Çykyşlary kompozitor Suwhan Tüýliýewiň Atamyrat Atabaýewiň sözlerine aýdymçylar, hor we simfoniki orkestr üçin „Arkadagymyz“ odasy jemledi. Aşyr Hojatow dirižýor taýajygyny salgandan peýkam kimin okgunly, bedew gadamy ýaly ýeňil, inçeden nepis owazlar ýaňlanyp ugrady. Bu saz beýik geljegini gurýan Türkmenistanyň şu gününi beýan edýär.

Kärdeşleri Suwhan Tüýliýewi eseriniň ilkinji şowly ýerine ýetirirlişi bilen gutladylar.