«Inspiring Ashgabat» ýaryşlary türkmen türgenleriniň V Aziada taýýarlyk derejesini görkezdi

Ge­çen aý­da ýur­du­myz­da hal­ka­ra de­re­je­li iri ýa­ryş­lar üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Paý­tag­ty­my­zyň Olim­pi­ýa şä­her­ji­gin­de Azi­ýa­nyň üç çem­pio­na­ty — kik­bok­sing, agyr at­le­ti­ka hem-de suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça bi­rin­ji­lik­le­ri ge­çi­ril­di. Bäs­le­şik­le­riň bar­şyn­da türk­men tür­gen­le­ri je­mi 96 me­da­la — 30 al­tyn, 32 kü­müş we 34 bü­rünç me­dal­a eýe bol­du­lar. Şun­da sö­weş gör­nüş­le­ri ýa­ryş­lar­da tür­gen­le­ri­miz umu­my­to­par­la­ýyn ha­sap­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di­ler.

Aş­ga­ba­da 17 ýurt­dan — Ko­re­ýa Res­pub­li­ka­syn­dan, Hin­dis­tan­dan, Ma­laý­zi­ýa­dan, Ior­da­ni­ýa­dan, Si­ri­ýa­dan, Ne­pal­dan, Yrak­dan we beý­le­ki­ler­den 300-e go­laý kik­boks­çy ýyg­nan­dy. Bäs­le­şik­ler al­ty ugur —point-faý­ting, se­mi-kon­takt, kik-laýt, lou-kik, full-kon­takt hem-de saz­ly gör­nüş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­di. Iň soň­ky ugur tür­gen­le­riň sa­zyň as­tyn­da­ky çy­kyş­la­ryn­dan dur­ýar, şon­da bir ýa-da bir­nä­çe bäs­deş bi­len tut­lu­şyk jan­lan­dy­ryl­ýar. Şun­da bäs­le­şik­ler ýum­şak we ga­ty usul­lar­da iki de­re­je­de gu­ral­ýar.

Türk­me­nis­ta­nyň to­pa­ry iki al­tyn me­da­la my­na­syp bol­dy. Zöh­re Ju­ma­ba­ýe­wa saz­ly gör­nüş­le­riň iki­sin­de hem ýe­ňiş ga­zan­dy. Gül­za­da Jo­ra­gu­ly­ýe­wa full-kon­takt we lou-kik gör­nüş­ler­de 65 ki­log­ra­ma çen­li ag­ram de­re­je­de iki ge­zek ýe­ňi­ji­le­riň mün­be­ri­ne çyk­ma­ga hu­kuk ga­zan­dy. Bi­ziň tür­gen­le­ri­miz kik­bok­sing bo­ýun­ça je­mi 75 me­da­la my­na­syp bo­lup, umu­my­to­par­la­ýyn ha­sap­da bi­rin­ji or­ny eýe­le­di.


Bu sy­lag­la­ryň kö­pü­si­ne Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si, ýur­du­my­zyň er­kek­ler mil­li ýy­gyn­dy to­pa­ry­nyň baş tä­lim­çi­si Alek­sandr Sna­gows­ki­niň tä­lim ber­ýän tür­gen­le­ri my­na­syp bol­du­lar, bu tä­lim­çi türk­men kik­bok­sing mek­de­bi­niň göz­ba­şyn­da du­rup­dy. In­di köp ýyl­la­ryň do­wa­myn­da onuň şä­girt­le­ri iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryn­da ýo­ka­ry ne­ti­je­le­ri gör­kez­ýär­ler.

Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ziň bu ge­zek­ki çem­pio­nat­da ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri şu ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da Aş­ga­bat­da ge­çi­ril­jek Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ryn­da hem şow­ly çy­kyş et­jek­dik­le­ri­ne ynam dö­red­ýär.

Türk­men tür­gen­le­ri­ agyr at­le­ti­ka bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­tyn­da hem oňat ne­ti­je­le­ri gör­ke­zip, je­mi on me­da­la — bir al­tyn, iki kü­müş we ýe­di bü­rünç me­da­la eýe bol­du­lar. Ho­ja­mu­ham­met Toý­çy­ýew bi­rin­ji or­ny al­dy. Ol bir­den gö­ter­mek­de 197 ki­log­ram ne­ti­je gör­kez­di. Bu gör­ke­zi­ji ony di­ňe bir öňe çy­kar­mak bi­len çäk­len­män, bu gör­nüş­de Türk­me­nis­ta­nyň tä­ze re­kor­dy­ny go­ýan­dy­gy­ny hem ala­mat­lan­dyr­dy, bu ne­ti­je Toý­çy­ýe­wiň 2015-nji ýyl­da ABŞ-nyň Hýus­ton şä­he­rin­de ge­çi­ri­len dün­ýä çem­pio­na­tyn­da go­ýan re­kor­dyn­dan ýe­di ki­log­ram ýo­ka­ry­dyr.


Şeý­le hem Ho­ja­mu­ham­met gö­ter­me­giň iki gör­nü­şi­niň je­mi bo­ýun­ça 427 ki­log­ram ne­ti­je gör­kez­di. Bu oňa bü­rünç me­da­ly ge­tir­di. Şeý­le hem il­de­şi­miz itek­läp gö­ter­mek­de 230 ki­log­ram ne­ti­je bi­len üçün­ji or­ny eýe­le­di.

Türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry­nyň 1994-nji ýyl­dan bä­ri yk­lym de­re­je­li ýa­ryş­lar­da al­tyn me­dal­la­ry al­man­dyk­la­ry­ny ýat­lad­ýa­rys. Şon­da Hi­ro­si­ma­da ge­çi­ri­len Azi­ýa oýun­la­ry­nyň bar­şyn­da meş­hur tür­gen, dün­ýä­niň üç ge­zek çem­pio­ny Al­ty­my­rat Oraz­dur­dy­ýew al­tyn me­da­la my­na­syp bo­lup­dy. In­di bol­sa 20 ýyl­dan gow­rak wagt­dan soň hal­ka­ra de­re­je­li sport us­sa­dy Ho­ja­mu­ham­met Toý­çy­ýew uza­ga çe­ken ara­kes­mä­ni ta­mam­la­dy.

Mun­dan baş­ga-da, bi­ziň to­pa­ry­my­zyň dü­zü­min­de Re­jep­baý Re­je­pow (77 ki­log­ra­ma çen­li) iki kü­müş we bir bü­rünç me­da­la, Ýul­duz Ju­ma­ba­ýe­wa (48 ki­log­ra­ma çen­li) iki bü­rünç me­da­la we Kris­ti­na Şer­me­to­wa (53 ki­log­ra­ma çen­li) iki bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar.

Hä­zir­ki wagt­da türk­men agyr at­le­ti­ka­çy­la­ry Azer­baý­ja­nyň paý­tag­ty Ba­ku şä­he­rin­de 12—22-nji maý ara­ly­gyn­da ge­çi­ril­jek Ys­lam raý­daş­ly­gy oýun­la­ry­na iş­jeň taý­ýar­lyk gör­ýär­ler. Bi­ziň tür­gen­le­ri­mi­ze bel­li türk tä­lim­çi­si Ja­fer Top­çy­nyň tä­lim ber­ýän­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek. Onuň ýol­baş­çy­ly­gyn­da üç ge­zek olim­pi­ýa çem­pion­la­ry we dün­ýä re­kord­la­ry­ny go­ýan Na­im Sü­leý­man Og­lu we Ha­lil Mut­lu ýa­ly bel­li tür­gen­le­riň tä­lim alan­dy­gy­ny bel­le­me­li­di­ris.


Suw­da ýüz­mek bo­ýun­ça Azi­ýa çem­pio­na­ty Türk­me­nis­ta­nyň ýy­gyn­dy to­pa­ry üçin aý­ra­tyn üs­tün­lik­le­re bes­len­di. Türk­men tür­gen­le­ri je­mi 11 me­da­la — iki al­tyn, al­ty kü­müş we üç bü­rünç me­da­la my­na­syp bol­du­lar. Bi­ziň to­pa­ry­myz­da Mer­dan Ata­ýew iň ýo­ka­ry ne­ti­je gör­ke­zip, iki al­tyn we iki kü­müş me­dal ga­zan­dy. Türk­me­nis­ta­nyň at ga­za­nan tä­lim­çi­si Ser­geý Ýe­pi­fa­no­wyň şä­gir­di hor­mat mün­be­ri­ne 50 we 100 metr ara­ly­ga ar­kan ýüz­me­giň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça iki ge­zek gal­dy. Ýüz­me­giň ikin­ji gör­nü­şin­de M.Ata­ýe­wiň Bra­zi­li­ýa­nyň Rio-de-Ža­neý­ro şä­he­rin­de ge­çi­ri­len Olim­pia­da—2016-nyň bar­şyn­da 56,34 se­kunt ne­ti­je bi­len mil­li re­kor­dy go­ýan­dy­gy­ny ýat­lad­ýa­rys.

Mer­dan iki top­lum­la­ýyn es­ta­fe­ta­nyň ne­ti­je­le­ri bo­ýun­ça özi bi­len bi­le­lik­de ýü­zen Ber­di­gu­ly Sa­pa­row, Rus­lan Na­za­row, Il­ýa Klýub­çen­ko, Ba­tyr Täç­my­ra­dow hem-de Wa­len­tin Gorş­kow bi­len ikin­ji or­ny eýe­le­di.

M.Ata­ýew alan me­dal­la­ry­nyň sa­ny bo­ýun­ça 15 ýaş­ly aş­ga­bat­ly tür­gen Dar­ýa Sem­ýo­no­wa­dan yza gal­dy, bu ýaş tür­gen gyz dört kü­müş we bir bü­rünç me­da­la eýe bol­dy. Dar­ýa bras, krol, ar­kan ýüz­mek hem-de top­lum­la­ýyn es­ta­fe­ta­lar­da aý­ra­tyn ta­pa­wut­lan­dy. Eneş Beg­my­ra­do­wa to­par­la­ryň alan me­dal­la­ry­nyň üs­tü­ni iki bü­rünç me­dal bi­len ýe­tir­di.

Ta­mam­la­nan ýa­ryş­lar ýe­ne bir ge­zek türk­men tür­gen­le­ri­niň Ýa­pyk bi­na­lar­da we sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça V Azi­ýa oýun­la­ry­na taý­ýar­lyk de­re­je­si­ni kes­git­le­mek bi­len çäk­len­män, öň­de bol­jak Azia­da­nyň ge­çi­ril­jek sport meý­dan­ça­la­ry­nyň taý­ýar­ly­gy­ny has-da go­wu­lan­dyr­ma­ga ýar­dam ber­di. Hal­ka­ra sport gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri türk­men bi­ler­men­le­ri­niň gu­ra­ma­çy­lyk ba­şar­nyk­la­ry­nyň, şol san­da meý­le­tin­çi­le­riň işi­niň ýo­ka­ry de­re­je­si­ni bel­le­di­ler.