28 Maý 2017, 17:30



Awazada ulag we logistika boýunça Halkara maslahaty öz işine başlady

04.05.2017

Maslahatyň işine ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýokary wezipeli işgärleri, Ýewropa, Aziýa we Amerika ýurtlarynyň onlarçasyndan maýadarlar, halkara guramalarynyň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we beýleki kompaniýalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşýarlar.

Wekilçilikli forum geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen Durnukly ulag ulgamy boýunça ählumumy maslahatyň dowamy bolup durýar we onda beýan edilen başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge gönükdirilendir.

Şu günki maslahatyň çäklerinde «Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini gazanmakda ulaglaryň we logistikanyň ähmiýeti», «Awtoýol we howa ulgamynda Türkmenistanyň ulag we logistika infrastrukturasyny ösdürmek» we «Türkmenistanyň ulag we logistika pudagynyň geljegi» ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mundan başga-da, ulag ulgamlarynyň halkara bazarynyň ýagdaýy, ýük daşalyşynyň geografiýasy we ösüşi, ulaglaryň ähli görnüşleriniň netijeliligini hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň mümkinçilikleri, Ýewraziýa goşulyşmalarynyň şertlerinde Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakda awto we howa ulaglarynyň orny, logistiki çykdajylary hasaba almak hem-de töwekgelçiliklere gözegçilik etmek ýaly meseleler gozgaldy.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Awaza gepleşikleri Türkmenistanyň ulag ulgamy üçin möhüm ähmiýetli wakalaryň biri bolup, döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ýolunda nobatdaky ädimleriň biri bolar.

Foruma gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bu ulgamda okgunly ösüşiň gazanylmagynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Türkmenistanyň binýadynda yklymyň möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň döredilendigine şaýatlyk edýändigi bellenilýär.

Şunuň bilen baglylykda, ulag-kommunikasiýa ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalary, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalary nazara almak bilen, däp bolan hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Täze ulag geçelgeleriniň açylmagy sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berer. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde iň öňdebaryjy tehnologiýalaryň esasynda demir ýollary we awtomobil köprülerini, Türkmenbaşy şäherinde döwrebap deňiz portuny gurmak boýunça möhüm taslamalar durmuşa geçirilýär. Bu desgalar “Demirgazyk-Günorta” we “Gündogar-Günbatar” ugurlary boýunça ýurdumyzyň üstünden geçýän möhüm sebit we sebitara ulag ugurlarynyň döredilmegine ýardam edýär.

Maslahata gatnaşyjylar logistika we ýük daşamak ulgumynda maglumat tehnologiýalaryny hem-de IT – çözgütleri ösdürmäge degişli möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň wajypdygyny bellediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow diňe bir Hazarýaka sebitiniň ýurtlarynyň däl, eýsem tutuş Ýewraziýa kontinentiniň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň kuwwatyny ýokarlandyrmak üçin Türkmenistanyň ulag-üstaşyr mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň ylmy-tehnologiki ugry hökmünde logistikanyň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, bu ulgama ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, döwrebap guramaçylyk we usulyýet çemeleşmelerini ornaşdyrmak pikirini öň hatara çykarýar. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, bazar bäsdeşligi şertlerinde hut ykdysady peýda, harajatlaryň azaldylmagy we ýükleri daşamagyň tizligi esasy artykmaçlyk bolup durýar.

Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda ulag pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmaga, bar bolan ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny giňeltmäge hem-de täzelerini gurmaga gönükdirilen milli maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bu çäreleriň ählisi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň halkara kommunikasiýa düzümine işjeň goşulyşmagyna, amatly ýerleşýändigini nazara almak bilen, bu ýerde iri logistiki merkezleri döretmäge ýardam etmelidir. Şol merkezler bolsa multimodal gatnawlaryň sebit boýunça utgaşdyrylmagyny üpjün eder.

Türkmenistanyň bu ulgamda öňe sürýän möhüm teklipleri dünýä bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asambleýasy tarapyndan “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny” atly Kararnamanyň kabul edilmegi munuň nobatdaky subutnamasy boldy. BMG-niň agza ýurtlarynyň 66-synyň awtordaş bolup çykyş eden bu resminamanyň düzgünlerinde 2014-nji ýylyň sentýabr aýynda kabul edilen Aşgabat Jarnamasynyň ulag we üstaşyr düzümlerini ösdürmäge toplumlaýyn çemeleşmegi kemala getirmegi göz öňünde tutýan esasy ugurlary beýan edildi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Aşgabat maslahatynyň ulag ulgamynda özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek işinde uly ýardam berendigini nygtaýar. Maslahata gatnaşanlaryň bu mesele boýunça düýpli pikir alyşmalary hem, biziň öňe süren garaýyşlarymyz hem makullanyp, dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldaw tapdy. BMG-niň Baş Assamleýasynyň 69-njy mejlisinde Aşgabat Jarnamasy BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň ünsüni özüne çekdi. Şondan soň Türkmenistanyň başlangyjy boýunça halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri boýunça ýörite resminama işlenip taýýarlanyldy.

BMG-niň Kararnamasynyň esasy aýratynlygy, bu taryhy resminamanyň “logistika merkezleri we gury ýer portlary arkaly awtomobil, demir ýol, deňiz hem-de howa ýollarynyň utgaşýan ulag ulgamlarynyň binýadyny goýýandygyndan” ybaratdyr. Şeýlelikde, Kararnama BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ählumumy hyzmatdaşlygy döretmek hakynda halkara başlangyçlaryny resmi taýdan berkiden ilkinji resminamasy boldy.

Türkmen tarapynyň wekilleriniň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, ýurdumyz geljekde hem milli ulag ulgamyny günorta we gündogar ugurlarda halkara ulag ulgamy bilen baglanyşdyrmak üçin özüniň ulag düzümini işjeň ösdürmegini dowam eder. Munuň özi Hytaý, Hindistan, Pakistan ýaly kuwwatly ykdysady mekrezlere we Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň beýleki ýurtlaryna çykalgany üpjün eder.

Türkmenbaşy şäherinde gurulýan Halkara deňiz porty hem uly geljegi açýar. Onuň gurluşygy güýçli depginde alnyp barylýar. Bu portuň ulanylmygynyň Aziýanyň we Ýewropanyň arasyndaky söwda gatnaşyklaryny täze derejä çykarjakdygy hem-de Aziýa bazarlarynyň Ýewropa üçin elýeterliligini ýokarlandyrjakdygy şübhesizdir. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi bilen Türmenbaşydaky halkara deňiz porty arkaly Hytaýdan, Ýaponiýadan, Koreýadan, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelip gowuşýan ýükleri Eýranyň Bender Abbas portuna ýa-da Baku şäherine, şol ýerden bolsa Gruziýanyň Poti portuna ugratmaga mümkinçilik peýda bolar. Munuň özi dünýä ummanyna, ýagny, dünýäniň islendik ýurduna çykalgany açar. “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýolunyň esasy böleginiň, golaýda ulanmaga berlen, Amyderýanyň üstünden çekilen nobatdaky döwrebap demir ýol we awtomobil köprüleriniň, “Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan) –Akina (Owganystan) demir ýolunyň – Aziýanyň halkara demir ýol ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysynyň ýurdumyzda ýerleşmegi Türkmenistanyň logistika ulgamyndaky mümkinçilikleriniň örän uludygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistan özüniň ulag kommunikasiýalaryny ösdürmek we TRASEKA geçelgesi boýunça ýükleriň daşalyşyny artdyrmak üçin strategiki taýdan amatly ýerde ýerleşýär. Ýurdumyzyň TRASEKA-nyň taslamalaryna gatnaşmagy sebitiň möhüm ulag merkezi derejesini pugtalandyrmak, şeýle hem iň täze ulag tehnologiýalaryny ornaşdyrmak maksady bilen, Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek boýunça goşmaça ädimleri yzygiderli we işjeň ätmäge mümkinçilik berýär.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen hem-de ähli ýurtlaryň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän oňyn başlangyçlaryny öňe sürýär. Şeýle hem olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça zerur çäreleri görýär. Şu gezekki maslahat hem munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Foruma gatnaşyjylar şu gün ara alnyp maslahatlaşylýan meselelere çemeleşmelerini beýan edip, ilkinji nobatda, Merkezi Aziýany ösüşiň häzirki zaman ählumumy prosesleriniň aýrylmaz we möhüm bölegi hökmünde hasaplaýandyklaryndan ugur aldylar.

Maslahata gatnaşyjylar dürli ýurtlaryň ulag ulgamlaryny birleşdirýän ulag-üstaşyr geçelgeleriniň ähmiýeti barada aýdyp, olaryň sebit we halkara goşulyşmagynda, durnuklylygy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdaky ornuny bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ykdysady ösüşiň möhüm şertleriniň biri hökmünde ulag-üstaşyr ulgamda netijeli gatnaşyklary ösdürmek babatda tagallalary birleşdirmegiň wajypdygy nygtaldy. Şeýle hem serhetleri dolandyrmagy kämilleşdirmek we howpsuzlygy üpjün etmek ýaly şertleriň möhüm orny bellenildi.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi