28 Maý 2017, 17:31



Awazada Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty tamamlandy

05.05.2017

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we logistika boýunça halkara maslahaty öz işini tamamlady. Maslahatyň gün tertibine sebit we ählumumy möçberde ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň höweslendirilmegine hem-de ösdürilmegine degişli meseleleriň giň toplumy girizildi. Demir ýol ulaglary düzümlerini ösdürmek hem-de bu möhüm ugurda hyzmatdaşlygyň meseleleri “Berkarar” myhmanhanasynda geçirilen bölüm mejlislerinde ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan “Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna” laýyklykda biziň ýurdumyz Ýewropa, Aziýa-Ýuwaş ummany hem-de Günorta-Aziýa ykdysady ulgamlarynyň gatnaşyklarynyň yklymara ykdysady köprüsi hökmünde kesgitlenildi. Şol sebäplide ykdysadyýetiň hem-de ilatyň ulag hyzmatlaryna zerurlyklaryny doly möçberde kanagatlandyrmaga ukyply ulag-aragatnaşyk toplumynyň okgunly ösdürilmegi bu uzakmöhletleýin maksatnamanyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, bu ulgamdaky esasy wezipeler hökmünde dünýä ulag ulgamyna yzygiderli goşulyşmak, “Gündogar-Günbatar” hem-de “Demirgazyk-Günorta” ugurlarynda gatnawlary we geçelgeleri birleşdiriji esasy ýollaryň ugry boýunça milli düzümleri mundan beýläk-de giňeltmek meseleleri kesgitlenildi.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan öz syýasatynda goňşy döwletler bilen bilelikde iri sebit-yklymlaýyn ähmiýetli taslamalary amala aşyrmak bilen häzirki zaman ulag düzümleriniň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa mysal hökmünde “Demirgazyk-Günorta” ugry boýunça Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoluň gurluşygy getirildi. Bu taslamanyň ägirt uly ähmiýeti barada aýdylyp, täze ugruň häzirki döwrüň ulag düzümleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwrebap geçelgäniň kemala gelmeginiň möhüm tapgyry bolandygy nygtaldy, munuň özi Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de goňşy sebitleriň arasynda ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmaga, sebitara gatnaşyklaryna kuwwatly itergi bermäge mümkinçilik berer.

Beýleki bir iri taslama Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň gurluşygydyr, onuň durmuşa geçirilmegine hem sebitiň guryýer döwletleriniň iri halkara bazarlaryna çykmagy nukdaýnazaryndan garalýar. Şeýlelikde, deňze çykalgasy bolmadyk Merkezi Aziýa ýurtlary bilelikdäki tagallalar bilen sebitara gatnawlary üçin öz çäginiň üstünden amatly üstaşyr geçelgeleri döretmek üçin şertleri üpjün ederler.

Häzirki wagtda Türkmenistanda iri inženerçilik desgalary-demir ýol we awtomobil köprüleri ähli ýerlerde gurlup ulanmaga berilýär, olar ulag geçelgeleriniň halkara ulgamynyň “altyn halkasy” bolmalydyr, ulag ulgamynyň täze düzümleýin desgalary bina edilýär. Bu desgalar hem sebit we sebitara ulag gatnawlarynyň kemala gelmeginiň hem-de netijeli peýdalanylmagynyň ýolunda möhüm ädim bolar. Ulag ulgamynda maýagoýum maksatnamalarynyň işjeň durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň welaýatlaryny bir bitewi ykdysady ulgama birikdirdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygy syýasatynyň binýadynda Merkezi Aziýa sebitine we Hazarýaka giňişligine Ýewraziýanyň günorta guşagynda strategiki durnuklylygyň, Ýewropa we Aziýa ýurtlary üçin geljegi uly ykdysady hyzmatdaş, yklym ähmiýetli iri energetika hem-de ulag üstaşyr çatrygy hökmünde garalýar. Häzirki wagtda bu ýerde hyzmatdaşlyk we ösüş, adamlaryň durmuş derejesiniň hilini ýokarlandyrmak, çaknyşyklaryň we gapma-garşylyklaryň töwekgelçiliklerinden azat sebit hökmünde umumydünýä işlerine üstünlikli goşulyşmak, şonuň üçin hem daşyndan maýa goýumlar hem-de dürli ulgamlarda uzakmöhletli halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleriň tutuş tapgyry açylýar. Türkmenistan ulag ulgamynda iri taslamalary öňe sürmek bilen häzirki zaman ählumumy meýillere laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň täze geoykdysady we geoulag giňişliginiň kemala gelmegine uly goşant goşýar.

Maslahata gatnaşyjylar sebit we sebitara derejelerinde ygtybarly ulag gatnawlarynyň ösdürilmegini kämilleşdirmek hem-de köptaraplaýyn, ulgamlaýyn çemeleşmek maksady bilen halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygyny aýtdylar.

Çykyş edenleriň ählisi halkara ulag ulgamynyň durnukly ykdysady ösüşe ýardam bermekde esasy şert bolup durýandygyny, ýurtlaryň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň möhüm bölegi bolan söwda işinde esasy orun eýeleýändigini, munuň bolsa öz nobatynda sebit howpsuzlygynyň berkidilmegine hyzmat edýändigini nygtadylar. Daşary ýurtly myhmanlar öz çykyşlarynda ulag gatnawlarynyň netijeliligini, şol sanda deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlar üçin hem üpjün etmek, serhetlerden geçmek düzgünlerini sazlaşdyrmak, serhetüsti ulag gatnawlaryny guramak we dolandyrmak, degişli gulluklaryň netijeli işini guramak, bu ulgamda islendik görnüşli taslamalar amala aşyrylanda ekologiýa howpsuzlygyny nazara almak we beýlekiler ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň möhümdigini nygtadylar.

Şunuň bilen baglylykda, ulag ulgamynda kadalaşdyryjy-hukuk binýady mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň hem-de bu ugurda halkara guramalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi, munuň özi ykdysady ösüşiň we durnuklylygyň üpjün edilmegine ýardam berer.

Maslahatyň işiniň barşynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ulag ulgamynda öňe süren sebit we ählumumy derejede netijeli hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegine, onuň oňyn ugurlarynyň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen döredijilikli başlangyçlarynyň aýratyn möhüm ähmiýetini bellediler. Şeýle hem Türkmenistanyň bu ugurda oňyn halkara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna, häzirki zaman köpşahaly we howpsuz ulag-üstaşyr düzüminiň kemala getirilmegine goşýan goşandyna ýokary baha berildi, munuň özi geosyýasatyň möhüm şerti, kuwwatly birleşdiriji gural bolup durýar hem-de ol döwletlere we sebitlere uly ykdysady mümkinçilikleri üpjün etmäge, olaryň strategik bähbitleriniň utgaşdyrylmagyna ýardam etmäge ukyplydyr.

Maslahata gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler, onda maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesine çuňňur hoşallyk, şeýle hem Türkmenistanyň we onuň ulag ulgamlarynyň okgunly ösüşine haýran galýandyklary beýan edilýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi