28 Maý 2017, 17:31



Halkara bilermenleri gurluşykda energiýa tygşytlaýjy tilsimatlary ulanmak boýunça taslama oňyn baha berdiler

04.05.2017

Paýtagtymyzyň „Ýyldyz“ myhmanhanasynda geçirilen duşuşykda Ähliumumy ekologiýa gaznasynyň ýardam bermeginde Türkmenistan bilen BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň bilelikdäki „Türkmenistanyň ýaşaýyş jaý gurluşygy ulgamynda energgiýa netijeliligini ýokarlandyrmak“ taslamasynyň jemlerine garaldy.

Oňa Türkmenistanyň Mejlisiniň, Daşary işler ministrliginiň we diplomatik wekilhanalaryň, şeýle hem statistika, daşky gurşawy goramak bilen baglanşykly ministrliklerdir pudaklaýyn edaralaryň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gün energiýasy institutynyň wekilleri, BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Gyrgyzystandaky, Özbegistandaky, Belarusdaky, Ukrainadaky, Moldowadaky, Russiýadaky sebit edaralarynyň altysyndan halkara bilermenleri gatnaşdylar.


„Türkmengaz“ Döwlet konserni 2012-nji ýylda başlanan taslamanyň milli strategiki hyzmatdaşy bolup, ol energiýa tygşytlylygyny ýokarlandyrmak üçin gurluşyk kadalaryny kämilleşdirmek, gurluşykçy inženerleri taýýarlamak ulgamynda beýleki pudaklaýyn edaralar bilen geçirilýän bilelikdäki çäreleri utgaşdyrýar.Taslamanyň hyzmatdaşlary—„Türkmengaz“ DK, „Türkmennebitgazgurluşyk“ DK, gurluşyk we binagärlik, jemagat hojalygy, energetika ministrlikleri, şeýle hem Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instintuty we Aşgabat şäher häkimligi bilen tanyşdyrylyşyň dowamynda bäş ýyllyk işiň netijeleri jemlenildi.

Türkmenistanyň şäherleriniň dokuzysynda jaýlaryň 22-sinde energoaudit geçirmegiň usuly synag edildi, özbaşdak kottejleriň taslamasynyň 11-si işlenilip taýýarlanyldy, şeýle hem Aşgabatda energiýa tygşytlamak ulgamynda innowasion usullar ulanylyp tipli bir jaý we ýokary amatlykly jaýlaryň ikisi guruldy.


-Bu jaýalryň daşky diwarlary keramzitbeton kerpiçlerden, üçekleri gyşyna ýylylygyň we tomsuna sowuk howanyň ýitirilmeginden güýçli goraýjlydydr, penjireleriňiniň arasyna Gün radiasiýasyny yzyna gaýtarýan aýratyn serişde sepilen aýna gaplydyr, merkezi ýyladyş ulgamlary üçin ekranlar, ýylylyk berlişini we onuň harçlanşyny kadalaşdyryjylar we beýlekiler bar,--diýip „Türkmennebitgazgurluşyk“ DK-nyň baş energetigi Bazar Nuryýew belledi.

Taslamanyň bilermenleri köp gatly jaýlaryň gurluşygyna çykdajylar 0,5 göterim artsa-da, energiýa tygşytlylygy ýylylygy 35 göterime çenli, elektrik energiýasyny iki essä golaý, käte ondanam köp tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Munuň üçin jaýlaryň üçegi ýylylyk saklaýjy serişdeler, işikller „tamburlar“ bilen üpjün edilip, balkonlara penjire oturdylmalydyr. „Wagty gelende döwletiň we ilatyň ýangyç serişdelerini tygşytlamakdan görjek haýry has köp bolar“-diýip taslamanyň baş tehniki geňeşçisi Mark Çao belledi.

„Türkmenistan howanyň üýtgemegi meslelesi boýunça ähliumumy işlere işjeň gatnaşýar. Ýurduň Hökümeti we pudaklaýyn dürli edaralar BMG-nyň Ösüş maksatnamasy bilen bu ugurda suwdan, dikeldilýän energiýa çeşmelerinden rejeli peýdalanmak we täzelerini işläp taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirip özara hereket edýärler“-diýip BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Ýelena Panowa nygtady.


BMG-nyň Ösüş maksatnamasynyň sebit boýunça tehniki geňeşçisi Jon O Braýn taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawynyň ähmiýetiniň ulydygyny, taslamanyň çäklerinde gurluşyk kadalarynyň birnäçesini üýtgetmek boýunça teklipleriň, täze we durky täzelenýän jaýlaryň goldanmasynyň we pasportynyň, şeýle hemTürkmenistan üçin täzelik bolan energomonitoring üçin tehniki çözgütleriň katalogynyň işlenilip taýýarlanandygyny nygtady. Taslamanyň çäklerinde milli hünärmenler Germaniýa, Daniýa, Horwatiýa, Belarus Respublikasyna we Russiýa tanyşdyrylyş saparynda boldylar.

Ýelena DOLGOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN