Türkmenistanly mekdep okuwçylary «Infomatrix-2017» kompýuter taslamalarynyň Halkara bäsleşiginde medallaryň on altysyny eýelediler

Ýaş aýtiçileriň Buharestde geçirilen bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň 45-sinden okuwçylaryň 700-si bäş ýüze golaý bilelikdäki we özbaşdak taslamalary hödürlediler. Paýtagtymyzdaky 86 we 97-nji ýörüteleşdirilen mekdepleriň mugallymlary Süleýman Ataýew bilen Kerimmyrat Ataýewiň ýolbaşçylygyndaky ildeşlerimiz toparlaýyn iň gowy netijeleriň birini görkezdi.

Paýtagtymyzdaky 86 we 28-nji mekdepleriň ýokary synp okuwçylary Döwran Ataýew, Arslan Hojaýew we Serdar Orazgeldiýew, şeýle hem Marynyň ýörüteleşdirilen welaýat mekdebinden Meýlis Döwletmyradow taslamalaryň möhümligi we özboluşlylygy üçin kümüş medalllaryň dördüsini eýelediler.


Marynyň ýörüteleşdirilen welaýat mekdebinden Kerwen Gullyýew bilen Gurban Taýyrow, Aşgabadyň 86-njy mekdebinden Tekemämmet Aýmämmedow, paýtagtymyzyň 87-nji mekdebinden Mekan Hojaberdiýewdir Dawut Gapurow bürünç medallara mynasyp boldular.

Aşgabat şäheriniň 97-nji mekdebinden Mekan Saparow, Serdar Nepesow, Aýrejep Ahmedowa, Ogultäç Kadyrowa we Mähri Toýlyýewa üçünji orna düşdiler. Lebaply okuwçylar-Türkmenabat şäherindäki ýörüteleşdirilen 41-nji mekdepden Selim Myradow hem-de Atamyrat şäherindäki 2-nji ýörüteleşdirilen welaýat mekdebinden Myratgeldi Reýimow bürünç medallary eýelediler.

Maglumatlar-kompýuter tilsimatlarynyň ýaş biermenleriniň üstünligi ýokary bilim ölçeglerine we dünýä intellektual giňişligine işjeň goşulyşmaga gönükdirilen innowasion ösüşiň milli strategiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň nobatdaky subutnamasydyr.