24 Maý 2017, 20:48



«John Deere» kombaýnlarynyň iň täze nusgalary türkmen ekerançylarynyň ygtyýaryna gelip gowuşdy

07.05.2017

Ozal habar berlişi ýaly, 5-nji maýda geçirilen hökümet mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýew galla oragyna taýýarlygyň derejesi barada hasabat berdi. Şu gezekki möwsümde “John Deere W-540” galla orujy kombaýnlar işlediler. Olaryň birinji tapgyry, ýagny 50-ä golaýy Türkmenistana gelip gowuşdy.

7-nji maýda ýurdumyza gelip gowşan täze tehnikalary garşylamak dabarasy boldy. Oňa Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň, onuň düzüm bölümleriniň, dünýä belli “John Deere” kompaniýasynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, oba hojalykçylar, mehanizatorlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.


Asylly däbe görä, ak gyňaçly eneler täze tehnikalara ak ýol arzuw etmek bilen, un sepdiler hem-de ýüzärlik tütetdiler. Asyrlar aşyp gelýän bu ýörelge guralan dabara milli öwüşgin we baýramçylyk äheňini çaýdy.

Amerikanyň oba hojalyk tehnikalaryna hyzmatlary üpjün edýän “IPС Agri” hojalyk jemgyýetiniň wekiliniň TDH-nyň habarçysyna beren gürrüňinde kärhananyň esasy wezipesiniň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň obasenagat toplumyny düýpli özgertmek boýunça öňe sürýän başlangyçlaryna oňyn jogap bermekden ybaratdygyny nygtady.

Tehnologik taýdan enjamlaşdyrmak we ýokary öndürijilikli tehnikalary netijeli peýdalanmak obasenagat toplumyndaky özgertmeler üçin esasy binýat bolup durýar. Şu maksat bilen, milli Liderimiziň çözgüdine laýyklykda, döwletimiz dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijilerinden kuwwatly oba hojalyk tehnikalaryny yzygiderli satyn alýar. Bu bolsa daýhanlaryň iş şertlerini gowulandyrmaga, onuň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.


Ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda köp ýyllaryň dowamynda işleýän “John Deere” kombaýnlary daşary ýurtlaryň iri kompaniýalary bilen özara peýdaly hyzmatdaşlygyň oňyn görkezijisi bolup durýar. Amerikaly işläp taýýarlaýjylar täze tehnikalaryň kuwwatlylygyny, hyzmatdaşlygyň uly geljeginiň bardygyny nobatdaky gezek görkezdiler. Ýurdumyzyň sarp edijileriniň isleglerine laýyklykda, kämilleşdirilen tehnikalaryň 50-ä golaýy hojalyklar boýunça paýlanylar. Olaryň mehanizatorlary kesgitlendi. Ýakyn wagtda, has takygy, galla oragynyň başlanýan pursadyna çenli ýokary öndürijilikli tehnikalaryň ýene-de 100-den gowragy gelip gowşar.

Şunlukda, iýun-iýul aýlarynda boljak sürüm möwsümine çenli “John Deere 8245R” traktorlaryň 400-siniň gelmegine garaşylýar. Pagta ýygym möwsümine çendi bolsa “John Deere 9970” pagta ýygyjy kombaýnlaryň 200-si gelip gowşar. Şeýle kysymly kombaýnlaryň şunça mukdary Türkmenistana 2018-nji ýylyň ýygym möwsümine çenli gelip gowşar.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Oba we suw hojalygy ministrliginiň buýurmasy boýunça “John Deere Internasional GmbH” kompaniýasy 2020-nji ýyla çenli üç tapgyrda döwrebap tehnikalaryň jemi 1350-sini getirer. Mundan başga-da, degişli ylalaşygyň çäklerinde bejergi, ekiş tehnikalarynyň, ätiýaçlyk şaýlaryň we beýleki sarp ediş serişdeleriniň ägirt uly tapgyry getiriler.


Tehnikalara hyzmat, ýerlerde bolşy ýaly, ähli welaýatlarda döredilen hyzmat merkezlerinde amala aşyrylýar. Olaryň işgärleri Ýewropanyň we ABŞ-nyň ýurtlarynda ýörite zähmet tejribeligini geçdiler. Kompaniýanyň Türkmenistandaky hyzmat merkezleriniň binýadynda, şeýle hem öndüriji ýurtlaryň okuw mekdeplerinde türkmen hünärmenleriniň yzygiderli geçirilýän okuw sapaklary özüniň oňyn netijesini berýär. Şeýle hem ýurdumyzyň ugurdaş ýokary okuw mekdeplerinde täze tehnikalary netijeli peýdalanmak boýunça sapaklar alnyp barylýar we bu ugur boýunça ýörite okuwlar geçirilýär, nutuklar okalýar.

Bu bolsa ýurdumyza gelýän “John Deere” tehnikalarynyň Iş ýüzünde netijeli peýdalanylmagynda ähmiýetlidigini äşgär etdi. Bu tehnikalar oba hojalykçylaryň pikirine görä, Türkmenistanyň toprak-howa şertlerinde özlerini gowy tarapdan görkezdi.

Ýurdumyza gelip gowşan oba hojalyk tehnikalarynyň ähli görnüşleri meýdan synaglaryndan üstünlikli geçirildi we ol synaglar tehnikalaryň artykmaçlyklaryny görkezdi. Şunda täze kombaýnlar daşky gurşawy goramak boýunça Ýewropa ülňülerine laýyk gelýär, sürüjiniň işlemegi üçin amatly şertler döredilendir. Olar aňsat dolandyrylýar, tehnikanyň ähli işine elektron enjamlar arkaly gözegçilik edilýär.


“John Deere” kompaniýasynda kombaýn gurluşygy yzygiderli ösdürilýär, innowasiýalary ornaşdyrmak arkaly önümiň hili ýokarlandyrylýar, görnüşleri artdyrylýar. Bularyň ählisi türkmen ekerançylarynyň zähmet öndürijiliginiň artdyrylmagyna mümkinçilik döredýär. Ýokary hasyl alynmagyna ýardam berýär hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň obasenagat toplumynyň işgärleriniň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine oňat şert döredýär.

Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny pugtalandyrmak bu çäreler bilen hem çäklenmeýär. Oba we suw hojalygy ministrliginiň maglumatlaryna görä, ýakyn geljek iki ýylyň dowamynda Germaniýanyň “Umax Trade GmbH” kompaniýasy tehnikalary ibermegiň birinji tapgyrynda (2017-nji ýylda) “AXION-850” sürüm traktorlarynyň 200-sini, “TUCANO-430” galla orujy kombaýnlaryň 200-sini, şeýle möçberde hem “EurOpal 95 N 100” kysymly azallary, “AXOC 340 HC” kysymly bejergi traktorlaryň, “SL TM 360” däne ekijileriň hersinden 500-sini hem-de dürli kysymly läbik sorujylaryň 20-sini Türkmenistana iberer.

2018-nji ýylda tehnikalary ibermegiň ikinji tapgyrynda AXION-850” sürüm traktorlarynyň ýene-de 300-si, “TUCANO-430” galla orujy kombaýnlaryň 300-si, azallaryň hem 300-si, “AXOC 340 HC” kysymly sürüm traktorlarynyň we “SL TM 360” kysymly däne ekijileriň hersinden 500-si we läbik sorujylaryň 30-sy ýurdumyza getiriler. Şunda tehnikalaryň ählisiniň ätiýaçlyk şaýlary we çykdajy serişdeleri doly möçberde üpjün ediler.

Tehnikalary ibermegiň üçünji tapgyry 2019 — 2020-ji ýyllara meýilleşdirilýär. Şonda sürüm traktorlarynyň 300-sini, galla orujy kombaýnlaryň 400-sini, azallaryň 300-sini, ýerleri bejermek üçin traktorlaryň 550-sini, şonça-da däne ekijileri, läbik sorujylaryň 45-sini satyn almak göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk önümçiliginiň durnukly ösüşini, düşewüntliligini hem-de netijeliligini üpjün edýän serişde tygşytlaýjy tehnologiýalaryň we obasenagat toplumynyň bar bolan kuwwatlyklarynyň yzygiderli döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň depginli ösüşiniň ygtybarly binýadydyr diýip nygtaýar. Döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän oňyn özgertmeleri netijesinde soňky döwürde bu ugurda uly üstünlikler gazanyldy.

Döwletimiz oba hojalyk pudagynyň ösdürilmegine yzygiderli goldaw berýär, şunda ähli önümçilik düzümleri senagat – innowasiýa esasynda gaýtadan enjamlaşdyrylýar, muňa iň täze galla orujy we beýleki oba hojalyk tehnikalarynyň nobatdaky iri tapgyrynyň gelip gowuşmagy hem şaýatlyk edýär, ol Türkmenistana tapgyrlaýyn görnüşde gelip başlady.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi