28 Maý 2017, 17:31



Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Baku şäherine geldiler

10.05.2017

Türkmen türgenleri IV Yslam raýdaşlyk oýunlaryna gatnaşmak üçin Azerbaýjanyň paýtagtyna geldiler. Ýaryşlar bu ýerde 12-22-nji maý aralygynda geçiriler. Dünýäniň 57 ýurdundan, şol sanda Müsürden, Indoneziýadan, Bangladeşden, Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Gambiýadan, Ýemenden gelen türgenleriň 3 müňden gowragy sportuň 20 görnüşi boýunça medallar ugrunda bäsleşer. Ýaryşlar Birinji Ýewropa oýunlary—2015 üçin ýörite gurlan häzirkizaman sport desgalarynda geçiriler.

Ýurdumyzyň türgenleri sportuň woleýbol, boks, tennis, dzýu-do, sport göreşi, agyr atletika, suwda ýüzmek, basketbol (3 х 3 şörnüşde), uşu we karate-do ýaly 10 görnüşi boýunça çykyş ederler.

Ýurdumyzyň woleýbolçylar topary 11-nji maýda baýraklar ugrundaky bäsleşiklere başlarlar. Toparlaýyn tapgyryň barşynda Azerbaýjanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we Palistinanyň toparlary türkmen türgenleriniň garşydaşlary bolarlar.

Yslam raýdaşlyk oýunlarynyň açylyş dabarasynda geçirilýän gününde woleýboldan başga-da boks we tennis ýaryşlaryna badalga berler.

13-nji maýda agyr atletikaçylaryň ilkinji ýeňijileri we baýraklara mynasyp bolanlary kesgitlener.


Şeýle hem şol gün dzýudo, suwda ýüzmek, karate-do boýunça bäsleşikler başlanar.

Erkin we nusgawy görnüş boýunça göreşler 17-nji maýda başlanar. Onuň ertesi bolsa basketbol we uşu ýaryşlaryna badalga berler.

Hünärmenleriň pikirine görä, türkmen boksçylary öňki gazanan ýeňişleri göz öňünde tutulanda, bu Oýunlarda hem ýokary netijeleri görkezerler. Ýakynda olar Özbegistanyň paýtagty Taşkentde geçirilen Aziýa çempionatyna gatnaşdylar. Şonda türkmen türgenleri awgust aýynyň ahyrynda Germaniýanyň Gamburg şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän dünýä çempionatyna iki ýollanma aldylar.

81 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Nurýagdy Nurýagdyýew dünýä çempionatyna gatnaşmaga dalaşgärleriň biridir. Mundan başga-da, ol ozal bürünç baýraga mynasyp bolupdy. Ikinji ýollama 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edýän Aziz Açylow mynasyp boldy. Ol şu ýaryşda üç bäsleşik geçirip, garşydaşlarynyň ikisi bilen tutluşygy nokaut usuly bilen tamamlady.

Şu gün Olimpiýa obasyna gelen türkmen boksçylary dessine türgenleşige girişdiler. Bu gezekki ýaryşlarda olaryň ýokary netije gazanjakdygyna ynam bildirýäris.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi