2017-nji ýylyň apreli: döwlet Baştutanymyzyň daşary syýasat başlangyçlarynyň ugry bilen

Geçen aýyň dowamynda geçirilen halkara derejedäki köp sanly çäreler, syýasy geňeşmeler, işewür gepleşikleri, wekilçilikli maslahatlar, giň möçberli medeni çäreler we pudaklaýyn sergiler özara peýdaly gatnaşyklaryň geljegi hakynda pikir alyşmalar üçin açyk meýdança öwrüldi. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Açyk gapylar” we hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk syýasatyny durmuşa geçirmek boýunça ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň alyp barýan işiniň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezdi. Bu çäreler Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, döredijilik mümkinçilikleriniň açylmagyna we daşary ýurtlar bilen bolşy ýaly, abraýly halkara guramalar bilen gyzyklanma bildirilýän dostluk gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilmegine ýardam edýär.

3-nji aprelde ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginde Owganystana goldaw bermek boýunça Stambul hereketiniň çäklerinde “sebitleýin düzümler” (RI-CBM) ynamy berkitmek çärelerine gatnaşyjy ýurtlaryň Sebitleýin tehniki toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga 20-ä golaý ýurtdan we birnäçe halkara düzümlerden wekiller gatnaşdy. Olar Owganystanyň durnuklylygyny we ösüşini pugtalandyrmak boýunça anyk teklipler bilen çykyş etdiler hem-de bu ugurdaky geljekki gatnaşyklaryň ösdürilmegine ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mejlisiň çäklerinde Demir ýol ulaglary we Energetika ministrliklerinde ulag üstaşyr geçelgeleriniň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşmak boýunça “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi. Olarda ulag ulgamlaryny sebitara gatnaşyklara utgaşdyrmak, goňşy ýurtdaky ýagdaýy durnuklylaşmagyň möhüm şerti bolan netijeli energetika hyzmatdaşlygy, Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň konferensiýasyna başlyklyk etmeginiň meýilnamasy barada gürrüň edildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystanyň ykdysadyýetini dikeltmäge, parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen möhüm başlangyçlaryna ýokary baha berdiler. Ýurdumyz bu ugurdaky halkara tagallalara işjeň gatnaşmak bilen, nebitgaz, ulag we energetika pudaklarynda birnäçe möhüm düzümleýin taslamalary öňe sürdi hem-de durmuşa geçirýär. Olaryň hatarynda Türkmenistan — Owganystan —Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Türkmenistandan Owganystana çekilýän demir ýoluň gurluşyklary, ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamlaryň çekilmegi bar. Mundan başga-da, häzirki döwürde Türkmenistan — Özbegistan — Täjigistan — Owganystan — Pakistan, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan hem-de beýleki ugurlar boýunça elektroenergiýany üstaşyr geçirmegiň täze taslamalaryny amala aşyrmak ugrunda giň möçberli işler alnyp barylýar we Owganystan bilen ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar işjeň ýola goýulýar.

4-nji aprelde ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň goldaw bermeginde geçirilen duşuşykda Owganystan boýunça sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň şu ýylyň 14 — 15-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçiriljek 7-nji maslahatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Onuň işine Owganystanyň, Azerbaýjanyň, Hytaýyň, Gruziýanyň, Yragyň, Eýranyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Italiýanyň wekilleri gatnaşdylar. Duşuşyga gatnaşyjylar taýýarlygyň çäklerinde bolşy ýaly, sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlygyň 7-nji maslahatynyň barşynda göz öňünde tutulýan meýilnamalaryň we onuň seneleriniň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Olaryň hatarynda ylmy-amaly we işewürler maslahatlary, sebitiň önüm öndürijileriniň harytlarynyň bilelikdäki sergisi hem-de beýlekiler bar.

Aprel aýynyň başynda Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleriniň maslahatynda hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-koreý hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisinde ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň meselelerine garaldy. Ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy bilen Koreýanyň halkara söwda assosiasiýasynyň bilelikde guraýan işewürler maslahaty indi üçünji gezek geçirilýär. Bu gezekki duşuşyga dostlukly ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň we korporasiýalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de hünärmenleriniň 40-a golaýy gatnaşdy. Taraplar bilelikdäki iş boýunça toplanan tejribäni we dürli ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryny nazara almak bilen, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

“Aziada — 2017: parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine halkara sport hyzmatdaşlygy” ady bilen geçirilen maslahat 7-nji aprelde Bütindünýä saglyk gününiň hormatyna guralan çäreleriň esasylarynyň biri boldy. Bu wekilçilikli maslahata Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlaryna gatnaşyjy ýurtlaryň wekilleri, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara sport federasiýalarynyň hem-de guramalarynyň wekilleri, köpsanly myhmanlar, şol sanda belli syýasatşynaslar gatnaşdylar. Maslahatyň şunuň ýaly wekilçilikli topary ýurdumyza bildirilýän ýokary ynamyň, hormatyň we bedenterbiýäni hem-de sporty ösdürmekde, ony giňden wagyz etmekde ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Meýbukan godzýu-rýu karate-do Halkara assosiýasiýasynyň karate-donuň 10-njy danynyň hem-de Aziýanyň küşt federasiýasynyň esaslandyran “Ýylyň adamy” ugry boýunça tapawutlandyryjy sylagyň gowşurylmagy döwlet Baştutanymyzyň sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek boýunça alyp barýan tagallalaryna we sport hereketini hem-de bu ulgamdaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşýan goşandyna berlen bahadyr.

Aprel aýynyň ortasynda Aşgabatda geçirilen Guramaçylyk komitetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Energetika Hartiýasynyň maslahatynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilen halkara çärelere görülýän taýýarlyk işlerine garaldy. Duşuşyga gatnaşyjylar ýakyn wagtlarda türkmen paýtagtynda geçiriljek “Energiýa geçirijileriň üstaşyr ugry boýunça köptaraply çarçuwaly ylalaşygyň ýolunda” atly Energetika Hartiýasynyň forumyna görülýän taýýarlyga aýratyn üns berdiler.

11-nji aprelde DIM-de Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň halkara taslamalar bölüminiň başlygy jenap Tamai Ýukonyň ýolbaşçylygynda Aşgabada gelen ýapon wekiliýeti bilen duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky döwletara gatnaşyklary işjeňleşdirmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy. Ýaponiýanyň wekilleri gaz pudagyndaky gatnaşyklary giňeltmek we sebitleýin hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça teklipleri öňe sürdi.

Aziýa — Ýuwaş ummany sebitleriniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak Türkmenistanyň amala aşyrýan daşary syýasat strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Şol gün dostlukly ýurduň DIM-niň departamentiniň başlygy O Sun Honyň ýolbaşçylygyndaky Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda hut şu ugurlara garaldy. Duşuşygyň çäklerinde taraplar dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistan bilen KHDR-iň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllyk senesi bilen birek-birege gutlag sözleri aýdyldy.

11-nji aprelde DIM-de Beýik Britaniýanyň Premýer-ministriniň söwda wekili, parlamentiň agzasy baronessa Emma Nikolson Uinterbronskaýanyň ýolbaşçylygyndaky Beýik Britaniýanyň Birleşen Patyşalygynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, abraýly guramalaryň çäklerinde üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygyň ýeten derejesine kanagatlanma bildirip, myhmanlar özara peýdaly hyzmatdaşlygy we söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de yzygiderli ösdürmegiň zerurdygyny bellediler. Döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugry hasaplanýan medeni-gumanitar hyzmatdaşlyk barada aýdyp, taraplar bilim maksatnamalary, şeýle hem Türkmenistanyň Beýik Britaniýa Patyşalygyndaky Medeniýet günlerini geçirmegiň meseleleri boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

12-nji aprelde DIM-de Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Diego Ungaro bilen duşuşyk geçirildi. Uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygy ösdürmäge ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň ýokarydygyny we şu ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň bellenilýändigini aýdyp, duşuşyga gatnaşyjylar netijeli hyzmatdaşlygy köpugurly esasda ösdürmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

17-nji aprelde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmeleriň dowamynda elektroenergetika, nebitgaz we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem Hazar meseleleri we Owganystan Yslam Respublikasyna goldaw bermegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan syýasy geňeşmeleriniň çäklerinde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda geçirilen duşuşykda ýaş diplomatlaryň, ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň öňünde Eýranyň daşary işler ministri M.D.Zarif çykyş etdi.

Ýurdumyzyň Mejlisinde Ýewropa parlamentiniň wise-başlygy Rişard Çarneskiniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň deputatlar topary bilen duşuşyk geçirildi. Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda däp bolan gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup durýan parlamentara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Saparyň çäklerinde Ýewropa parlamentiniň wekiliýetiniň agzalary ýurdumyzyň birnäçe ministrliklerinde, pudak edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda duşuşyklary geçirdiler. Hususan-da, Türkmenistanyň DIM-nde syýasy hyzmatdaşlygyň, energetika ulgamyndaky gatnaşyklaryň meseleleri, Türkmenistandan Ýewropa köpugurly esasda tebigy gazy ugratmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Terrorçylyga garşy göreşmek we onuň döremeginiň sebäplerini ýok etmek, “KADAP” we “BOMKA” howpsuzlygy ulgamynda ÝB-niň taslamalary boýunça özara gatnaşyklar bu ýerde geçirilen gürrüňdeşligiň özenini düzdi.

Aşgabatda Merkezi Aziýa boýunça ÝB-niň ýörite wekili, ilçi Peter Burian, Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Gatnaşyklar Býurosynyň we ýurdumyzyň DIM-niň bilelikde guramagynda geçirilen maslahat Türkmen döwleti bilen Ýewropa Bileleşiginiň häzirki döwürdäki gatnaşyklaryna bagyşlandy. Şeýle hem hususy pudagy ösdürmek, bilim, oba hojalygynyň durnukly ösüşi we beýleki ugurlar boýunça pikir alyşmalar boldy. Garaşylyşy ýaly, okuw maslahatynyň netijeleri sebitde ösüşi üpjün etmek we Merkezi Aziýa boýunça ÝB-niň Strategiýasyna syn bermek maksady bilen, ÝB-niň şu ýylky orta möhletleýin synyna kömek bermek üçin zerur gollanma öwrüler.

Geçen aýda biziň ýurdumyz bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykandygy äşgär boldy. 19-njy aprelde Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň mejlisinde Türkmenistan birbada iki möhüm düzüme: BMG-niň 2018 — 2020-nji ýyllar üçin Çagalar gaznasynyň Ýerine ýetiriji geňeşine, şeýle hem 2018 — 2022-nji ýyllarda zenanlaryň statusy boýunça Komissiýa saýlanyldy. Munuň özi Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokary galýandygynyň, onuň BMG bilen möhüm we ulgamlaýyn esasda ýola goýlan hyzmatdaşlygyny esasy ugur edinýän işjeň daşary syýasatyna uly goldaw berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.

Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda biziň döwletimiz bu iri halkara guramanyň abraýly düzümlerine, şol sanda onuň esasy alty edarasynyň biri bolan 2013 — 2015-nji ýyllarda Ykdysady we Durmuş Geňeşine birnäçe gezek saýlanandygyny, munuň bolsa örän ähmiýetlidigini bellemeli. Häzirki döwürde Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň toparlarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň sekizisiniň agzasy bolup durýar we onuň çäklerinde halkara çäreleri amala aşyrýar. Şunuň bilen birlikde ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň wise-başlyklygyna bäş gezek saýlandy.

Geçen hepdede Moskwada geçirilen “tegelek stoluň” başyndaky duşuşykda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan ýörite mejlis boldy. Ýurdumyzyň RF-däki ilçihanasy bilen Moskwanyň döwlet halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan bilelikde guralan bu çärä ýurdumyzyň we Russiýanyň daşary syýasat edaralarynyň, daşary döwletleriň Moskwada işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, görnükli Gündogary öwreniji alymlar, Moskwanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaşlar gatnaşdylar. Bu ýere ýygnananlar iki garaşsyz döwletiň gatnaşyklarynyň taryhynda täze tapgyryň başlanandygyny alamatlandyran bu şanly senäniň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen-rus gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýedigini bellediler. Şonda ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlygy, ylym we bilim merkezleriniň, akademiki toparlaryň arasynda has ýygjam hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada aýtdylar.

20-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň we Serbiýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Wekiliýete daşary işler ministriniň orunbasary jenap Goran Aleksiç ýolbaşçylyk etdi. Dürli ugurlardaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşyp, taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Gruziýanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Gruziýanyň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry boldy. Onuň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyna hem-de onuň geljekki ugurlaryna syn berildi . Taraplar 2017-nji ýylda iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyna 25 ýylyň dolýandygyny aýdyp, bu şanly sene mynasybetli medeni çäreleri geçirmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürdüler. Iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýetiniň Gruziýanyň daşary işler ministri M.Janelidze bilen duşuşygy boldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasynyň goldaw bermeginde aprel aýynyň başynda neşir edilen “GEO Traveller” halkara žurnalynyň ýörite sanynyň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatyna, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň ýokarlandyrylmagyna, halkara gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine gönükdirilen Aziada — 2017 iri halkara sport çäresine görülýän taýýarlyga aýratyn orun berlipdir.

Birnäçe möhüm ugurlar, şol sanda ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, senagat we beýleki ulgamlarda özara gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri Aşgabatda geçirilen türkmen-koreý ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça 2-nji maslahatyň gün tertibine girizildi. Oňa gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasynyň wekilçilikli topary Türkmenistana geldi. Sazlaşykly ösýän ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen koreý hyzmatdaşlarynyň tanyşmagy, bilelikdäki hyzmatdaşlygyň meýilnamalarynyň we taslamalarynyň geljekki ugurlaryny maslahatlaşmak ikitaraplaýyn işewür duşuşygyň esasy maksadyna öwrüldi.

Geçen aýda ýurdumyza Ýapon Gaznasynyň prezidenti jenap Hiroýas Andonyň ýolbaşçylygynda wekilçilikli topar geldi. Ol Türkmenistanyň DIM-nde kabul edildi. Ýaponiýanyň Premýer-ministri Sindzo Abeniň 2015-nji ýylyň oktýabrynda Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça medeniýet, bilim we başga-da birnäçe ugurlarda gazanylan hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça ikitaraplaýyn şertnamalary ýerine ýetirmegiň barşy hakynda pikir alyşmalar boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar işgärleri taýýarlamak we bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny we medeni gatnaşyklaryň maksatnamasyny giňeltmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

20-nji aprelde Dubaý şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylyşyna çenli 150 günüň galmagyna bagyşlanan medeni çäre ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanyň BAE-däki ilçihanasynyň Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Sport baradaky döwlet komitetiniň goldaw bermeginde guran çäresi dünýä jemgyýetçiligini Türkmenistanyň häzirki döwri, gazanýan üstünlikleri hem-de ýeten derejesi, şeýle hem Aziada — 2017-ä taýýarlyk işleri bilen tanyşdyrmaga gönükdirildi. Dubaýyň gözel künjekleriniň birinde açyk asmanyň astynda guralan gala konsertiň başynda ýörite görkezilen wideofilm hut şu ugra bagyşlandy. Bu ýerde guralan medeni-köpçülikleýin çärede diňe bir artistler däl, eýsem Türkmenistanyň karate boýunça milli toparynyň türgenleri görkezme çykyşlary ýerine ýetirdiler.

Ukraina bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň hem-de Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna 150 gün galmagynyň hormatyna talyplaryň arasynda küşt ýaryşy geçirildi. Ol ýurdumyzyň ilçihanasynyň konsullyk bölüminiň işgärleri tarapyndan guralyp, Harkowyň P.Wasilenko adyndaky oba hojalyk milli tehniki uniwersitetiniň binasynda geçirildi.

Hytaýyň iri Hubeý welaýatynyň merkezinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Şeýle hem Hytaýyň Uhan şäherinde iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygynyň we Türkmen bedewiniň baýramynyň hormatyna at çapyşyklary geçirildi. Ony Türkmenistanyň HHR-däki ilçihanasy we Uhan atçylyk kluby gurady.

Giň maglumat — aň-bilim işleriniň çäklerinde geçirilen bu çäräniň baş maksady Aşgabatda boljak Oýunlara ünsi çekmekden we Türkmenistanyň hoşniýetli erkiň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmündäki nusgalyk keşbini döretmekden ybaratdyr. Çäreleriň maksatnamasynyň jemleýji gününde “Türkmenistan — Hytaý: täze Ýüpek ýolundaky hyzmatdaşlyk” atly maslahat geçirildi. Onuň çäklerinde “tegelek stoluň” başynda duşuşyk guraldy. Hytaýyň Çu-týan adyndaky geologiýa uniwersitetinde duşuşygyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabarada bu uniwersitete hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary, ýurdumyz hakyndaky neşirler sowgat berildi.

Aprel aýynyň üçünji ongünlüginde Aşgabatda geçirilen Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisiniň baş maksady Hazarýaka döwletleriň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşygyň taslamasyny tassyklamakdan ybarat boldy. Türkmenistanyň Daşary işler, Ykdysadyýet we ösüş ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňziniň meseleleri baradaky döwlet kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen duşuşyga Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri gatnaşdylar.

Ýokarda agzalan Ylalaşygyň taslamasy türkmen tarapyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2014-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň Sammitinde öňe süren başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanyldy. Bilermenleriň bu gezekki duşuşygynyň barşynda milli Liderimiziň türkmen paýtagtynyň sebitiň ýurtlarynyň hökümet we işewür toparlarynyň wekilleri üçin netijeli gepleşikleri geçirmäge niýetlenen meýdança öwrülmegine, dünýä işewürligi, abraýly halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirmäge gönükdirilen başlangyçlaryna aýratyn üns berildi.

24-nji aprelde DIM-de Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň, Ykdysadyýet, söwda we senagat ministrliginiň, Döwlet eksport-karzlaşdyryş agentliginiň wekiliýeti kabul edildi. Ykdysady ugur, hususan-da, nebitgaz ulgamyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly meseleler boýunça işjeň pikir alyşmalar boldy.

Şol gün ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynda Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky (Mary şäheri) täze baş konsuly jenap Arsal Nasratulla bilen duşuşyk geçirildi. Onuň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň we işjeňleşdirmegiň, konsullyk meselelerini kadalaşdyrmagyň, iki goňşy ýurduň serhetdeş welaýatlarynyň derejesindäki yzygiderli gatnaşyklary guramak bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

25-nji aprelde Türkmen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde Çeh-türkmen dostluk jemgyýetiniň goldaw bermeginde neşir edilen “Dostluk” žurnalynyň ýörite sanynyň tanyşdyryş dabarasy boldy.

25-nji aprelde paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Şwesiýa Patyşalygynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň çäklerinde ÝB — Türkmenistan ugry boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmek ara alnyp maslahatlaşylan ugurlaryň esasy boldy. Taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek, iki ýurduň işewür toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek barada aýtdylar.

“Al Qamra Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysy jenap Hamad Saleh Al Kamranyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza gelen Kataryň wekilçilikli toparynyň agzalary üçin Döwlet daşary ykdysady iş bankynda Türkmenistanda amala aşyrylýan iri milli we halkara ähmiýetli maýa goýum taslamalarynyň tanyşdyrylyşy boldy. Taraplar gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalaryň barşynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrmak barada aýtdylar. Ýangyç-energetika toplumy, ulag-aragatnaşyk ulgamy, himiýa we lukmançylyk senagaty hem-de beýlekiler hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary hökmünde görkezildi.

Geçen aýda Türkmenistanda Wengriýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Peter Santo işe başlady. Aşgabatda bolmagynyň çäklerinde diplomat DIM-nde, Ykdysadyýet we ösüş, Oba we suw hojalygy, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar, Energetika ministrliklerinde kabul edildi.

27-nji aprelde Aşgabatda Türkmenistanyň we Argentina Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Onda syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalygy we beýleki ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama, Türkmenistanyň hökümeti bilen Argentina Respublikasynyň hökümetiniň arasynda salgyt meseleleri boýunça maglumat alyşmak hakyndaky Ylalaşyga gol çekmek dabarasy boldy.

Däp boýunça her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden we dabaraly bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramynyň öňüsyrasynda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisi geçirildi. Häzirki döwürde assosiasiýanyň düzümine 32 döwletden 137 agza girýär. Olaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Munuň özi guramanyň abraýynyň ýokarlanýandygynyň, onuň dünýä möçberinde ahalteke atçylygyny ösdürmekde möhüm orun eýeleýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Maslahatyň çäklerinde tutuş dünýäde haýwanlaryň saglygy boýunça jogapkär we iň irki hem-de abraýly hökümetara guramalaryň biri bolan Halkara epizootik býuronyň Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory Kazimiras Lukauskas hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa häzirki döwürde Türkmenistanyň Merkezi Aziýada at kesellerinden azat zolak derejesine eýe bolandygyny tassyklaýan güwänamany gowşurdy. Bu resminama Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň çäklerinde atçylyk sporty boýunça ýaryşlary geçirmäge giň mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, Oýunlaryň maksatnamasyna milli Liderimiziň başlangyjy boýunça konkur boýunça ýaryş girizildi. Bu derejäni bermek hakyndaky çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyna eýe bolýandygyny, ýurdumyzyň atşynaslyk we weterinariýa babatda gazanýan üstünlikleriniň ykrar edilýändigini alamatlandyrýar.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň VII mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda atçylyk sportuny ösdürmäge goşan şahsy goşandy üçin Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň Kubogynyň we medalynyň gowşurylyş dabarasy boldy. Bu ýokary sylaglary Halkara atçylyk sporty federasiýasynyň prezidenti jenap Ingmar De Bos gowşurdy we ol ahalteke atlarynyň abraýynyň belende göterilmeginde, Türkmenistanyň atçylyk sportunyň giň halkara giňişlige çykmagynda milli Liderimiziň aýratyn tagallasyny belledi.

Aşgabatda “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly XIX halkara ylmy maslahata we ýöriteleşdirilen sergi-ýarmarkana daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşandygyny bellemeli. Bu çäreler dünýä bileleşigini ýurdumyzyň atçylyk pudagynyň ýeten derejesi bilen tanyşdyrmaga, özara tejribe alşylmagyna we kompaniýalar hem-de hususy atçylyk kärhanalary bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Her ýylda geçirilýän pudaklaýyn sergi Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda guraldy. Oňa dünýäniň 30 ýurdundan, şol sanda Fransiýadan, Germaniýadan, Beýik Britaniýadan, Russiýadan, Çehiýadan, Ispaniýadan, BAE-den, Argentinadan we beýleki döwletlerden onlarça kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Geçen aýyň wakalary diňe bir ýurdumyzyň daşary syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm ugurlaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda okgunly we sazlaşykly ösýän Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň üstünliklerini äşgär etdi.