28 Maý 2017, 17:31



Türkmenistanyň guşlarynyň dünýasiniň täze görnüşler bilen baýlaşdyrylmagy ekologiýa abadançylygyň görkezijisi bolup durýar

11.05.2017

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan Türkmenistanyň ekologiki strategiýasy jemgyýeti daşky gurşaw bilen sazlaşykda ösdürmäge, onuň tebigy baýlyklaryny goramaga, olary aýawly we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Bu ugur döwlet maksatnamalarynyň, şol sanda “Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmegiň 2011-2030-njy ýyllar üçin milli maksatnamasynyň” esasyny düzdi. Bu resminamalarda ýurdumyzyň milli hem-de tebigy-howa aýratynlyklary, ýakyn geljek üçin niýetlenen ekologiýa syýasaty, bu ugurda halkara maksatnamalaryndan we konwensiýalaryndan gelip çykýan wezipeler nazara alyndy.

Tebigaty goraýan edaralar tarapyndan tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmak, bioköpdürlüligi aýawly saklamak we artdyrmak boýunça köpsanly çäreler geçirilýär.

Türkmenistanyň biologik köpdürlüligi görnüşleriň azyndan 20 müňüsini, şol sanda ösümlikleriň görnüşleriniň 7 müňden gowragyny hem-de haýwanlaryň görnüşleriniň 13 müňe golaýyny öz içine alýar, olardan 730 görnüşden gowragy oňurgaly haýwanlardyr. Ýurdumyzyň oňyrgaly jandarlarynyň ýarysyndan gowragyny (jemi 433 görnüşini) guşlar düzüp, olar haýwanat dünýäsiniň agramly bölegi bolup durýar hem-de öz aýratynlyklary bilen baglylykda sebitleriň ekologik ýagdaýynyň “görkezijileri” bolup hyzmat edip bilýär.

Daşky gurşawy goramak we ýer serişdeleri baradaky döwlet komiteti öz garamagyndaky edaralar—Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty we beýleki gulluklar, şol sanda tebigy goraghanalarynyň 9-sy bilen bilelikde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ekologiýa syýasatyny işjeň durmuşa geçirmek boýunça işleri amala aşyrýar.

Türkmenistanda biologik köpdürlüligi goramak, ozaly bilen goraghanalary döretmek we beýleki çäreler arkaly goramak boýunça giň gerimli işler ýaýbaňlandyryldy. Aýratyn goralýan tebigy çäkleriň milli ulgamy kenarýaka çäkleriň ýer we suw serişdelerini hem-de suwly-batgalyk ýerleri gowulandyrmaga, goramaga we rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Häzirki wagtda goraghanalaryň hem-de Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň işgärleri tarapyndan guşlaryň bahar paslynda göçüp-gonmagynyň barşynda olary hasaba almak işleri geçirilýär.

Biziň ýurdumyz geografik taýdan ýerleşişine görä, ählumumy bioköpdürlüligi goramakda we biosfera işlerini goldamakda möhüm orun eýeleýär. Türkmenistanyň çäginiň guşlaryň höwürtgeleýän ýerleriniň (Gündogar Ýewropa, Gazagystan, Günbatar Sibir) we gyşlaýan ýerleriniň (Günorta Aziýa, Arabystan, Afrika) arasynda aralyk ýagdaýy eýelemegi, hawýanat dünýäsiniň dürli toparlara eýe bolmagy netijesinde, olaryň möwsümleýin göçüp-gonmagy uzak wagta çekýär: ýazda-fewral aýynyň ortasyndan maý aýynyň ahyryna çenli, güýzüne—iýulyň ahyryndan dekabryň başyna çenli dowam edýär. Mundan başga-da, ýurdumyzyň çäginde guşlaryň uçup geçýän iri ugurlarynyň ikisi—Gündogar Ýewropa-Günorta Aziýa hem-de Günbatar we Merkezi Sibir—Arabystan-Afrika ugurlary kesişýär. Guşlar uly topar bolup uçmagyna garamazdan, ekologik taýdan amatly ýerleri – derýalaryň hanalaryny, dag jülgelerini, deňiz ýakalaryny saýlap alýarlar.

Günorta-Gündogar Hazaryň kenarýaka suwly batgalyk ýerleri—Türkmenbaşy, Demirgazyk-Çeleken, Balkan, Mihaýlowskiý we Türkmen aýlaglary suwda ýüzýän we suwuň golaýynda mesgen tutýan, aýratyn-da, göçüp-gonýan we gyşlaýan döwründe guşlaryň durmuşynda aýratyn möhüm orun eýeleýär. 2009-näy ýylda Türkmenbaşy aýlagy halkara ähmiýetli suw-batgalyk ýer hökmünde Ramsar Konwensiýasynyň sanawyna girizildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow 2012-nji ýylda geçirilen BMG-niň Durnukly ösüş boýunça “Rio+20” maslahatynda eden taryhy çykyşynda belleýşi ýaly: “Biziň umumy wezipämiz ykdysady bähbitleri, energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlygynyň anyk ýagdaýyny Hazaryň biologik köpdürlüligini aýawly saklamagyň zerurlygy bilen utgaşdyrmakdan, ekologiýa deňagramlylygynyň bozulmagyna ýol bermezlikden ybaratdyr”.

Milli Liderimiziň öňde goýan wezipesini durmuşa geçirmek bilen Türkmenistan Hazaryň täsin bioköpdürlüligini, onuň deňiz eko ulgamyny aýawly saklamak, dürli işler geçirilende ekologiýa ölçeglerini berjaý etmek boýunça maksada gönükdirilen işleri amala aşyrýar. Hazar deňziniň türkmen kenary bolsa ekologik taýdan arassa ýer diýlip hasaplanýar.

Biziň hünärmenlerimiziň amala aşyrýan gözegçilik işleri Hazarda gyşlaýan guşlaryň göçmeginiň baryp fewral aýynyň ikinji ýarymynda başlanandygyny görkezdi. Mart-aprel aýlarynda bolsa olaryň uçmagy işjeň dowam etdi. Olaryň arasynda sakarbalaklar, ördekler, gazlar, guwlar, jübtünler, gyzylinjikler, çuluklar, çarlaklar-- (jemi 120-den gowrak görnüş) bar. Adalarda we kenarýaka ýerlerde höwürtgeleýän guşlaryň käbir görnüşleri –suw kepderileri, kümüşsöw çarlaklar, garabaşlar we beýlekiler apreliň ahyrynda höwürtge gurmaga girişdiler.

Soňky ýyllarda Hazar deňziniň türkmen kenarynda mesgen tutan guşlaryň görnüşleri sebit üsin täze görnüşleriň (burgomistr, uzyn guýruk pomornik, gyzylbaş we beýlekiler) hasabyna baýlaşdy. Şunda howanyň üýtgemeginiň mümkin bolan täsiri bilen bir hatarda amatly ekologik şertler uly orun eýeleýär.

Türkmenistanyň demirgazyň-günbatar böleginde, Garagumuň jümmüşinde “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy dowam edýär. Onuň birinji nobatdakysy 2009-näy ýylyň 15-nji iýulynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ulanmaga berildi. Bu gidrotehniki desganyň hem-de suw howdanyny şor suwlary bilen doldurýan zeý suw akabalarynyň bolmagy netijesinde ýurdumyzda suwly-batgalyk ýerleriň çägi giňelýär. Şunda Türkmen kölüniň orny öz geografik taýdan ýerleşişi boýunça täsindir. Munuň özi ýabany haýwanat dünýäsiniň serişdelerini, hususan-da, suwda ýüzýän guşlary aýawly saklamak we artdyrmak üçin möhümdir. Çünki bu köl Demirgazyk Aziýadan Hazara (soňra günorta) Turgaý, Aral, Sarygamyş, Günbatar Uzboý we tersine uçýan guşlaryň geçýän ýolunyň ugrunda ýerleşýär.

Göçülýän döwürde “Altyn asyr” kölüniň töwereginden suwly-batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlaryň köpsanlysy uçup geçýär. Suw howdany daşky gurşawa, şol sanda guşlaryň görnüşleriniň artmagyna oňaýly täsir edýär. Häzirki wagtda bu ýerde hem-de esasy we welaýat şor suw akabalarynyň ugrunda guşlaryň görnüşleriniň 250-den gowragy duş gelýär, olardan 120-si suwly batgalyk ýerlerde ýaşaýan guşlar bolup durýar. Gözegçilikleriň görkezişi ýaly, dünýäniň iri çölleriniň biriniň – Garagumuň jümmüşindäki bu suw akabalary guşlaryň möwsümleýin göçüp-gonýan döwründe iýmitlenmek we dynç almak üçin amatly şertleri döredýär.

Amyderýanyň, Murgap we Tejen derýalarynyň hanalary göçüp-gonýan guşlar üçin örän oňaýly ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. Olaryň köp görnüşleri bu ugurlary ileri tutýarlar. Hususan-da, Tejen jülgesi boýunça köplenç çal durnalar we beýlekiler uçup geçýär (aprel aýynda guşlaryň 8 müňe golaýy hasaba alyndy), Murgap boýunça gyzyl we küdür gotanlar, Amyderýa boýunça dürnalaryň dürli öörnüşleri uçup geçýär.

Köýtendagyň etegi we Tallymerjen jülgesi çuluklaryň seýrek duş gelýän görnüşleriniň biri—şuňkaryň göçüp-gonýan döwründe iýmitlenýän esasy mesgeni bolýar. Bu guş ýitip baýran görnüş hökmünde diňe milli Gyzyl kitaba däl-de, eýsem, Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň (TGHB) gyzyl sanawyna girizildi. Mundan başga-da, bu ýerde ýyrtyjy guşlaryň – sähra bürgüdiniň, maslykçy bürgüdiň, algyryň, ütelginiň üýşýän ýerleri hasaba alyndy. Şeýle hem olaryň hemmesi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna we TGHB-niň Gyzyl sanawyna girizildi.

Bu sebitde guşlaryň ýazky göçüşinde soňky 35 ýylyň dowamynda ilkinji gezek ak leglegiň hasaba alnandygyny bellemek gerek. Ol Türkmenistanyň haýwanat dünýäsinden ýiten diýlip hasaplanýardy.

Apreliň soňky ongünlüginde ýurdumyzyň günorta sebitlerinde adaty ikatýok, ýaşyl we altynsöw şurkalar, aýyň ahyrynda bolsa Günorta Aziýada—Owganystanda, Pakistanda, Hindistanda gyşlaýan gülgüne sarlar peýda boldy. Olaryň ägirt uly sürülerini şäher seýilgählerinde we dag eteklerinde görmek bolýar. Diňe bir günüň içinde Aşgabadyň gündogarynda olaryň 200 müňe golaýy hasaba alyndy. Olar ýazyna mör-möjekler, ozaly bilen zyýanly çekitgeler bilen iýmitlenip, bu görnüşiň sanynyň ajaýyp biololgik kadalaşdyryjylary bolup durýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2013-nji ýylda Garagumuň merkezinde döredilen “Bereketli Garagum” goraghanasy çölüň çägelik, takyrlyk, şorlaşan ýerlerine mahsus bolan ösümlik we haýwanat dünýäsini, şeýle hem XI-XII asyrlaryň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramaga ýardam edýär. Şol ýadygärlikleriň hatarynda Gyzyljagala, Ortakak we beýlekiler bar. Geçirilen barlaglaryň netijesinde ýylanawusy, adaty göwenek, toklytaý, togdary, gündizkör, hüýpüpik, gara garga, torgaý ýaly guşlar bilen bir hatarda goraghananyň çägini suw-batgalyk ýerler üçin häsiýetli bolan sakarbalaklar, ördekler, gazlar, durnalar kesip geçýär.

Şeýlelikde, soňky ýyllarda bu ýerde döredilen tebigy şertler guşlaryň ýurdumyzyň çäginden asuda uçup geçmegine ýardam edýär. Soňky hasaplamalar olaryň köpüsiniň iki ugur boýunça—Hazar deňziniň gündogar kenary, soňra demirgazyk-gündogar hem-de Amyderýanyň jülgesi boýunça, soňra Gazagystana we Sibire tarap uçup geçýändigini görkezdi. Ganatlylaryň hasaba alnan umumy sany 6 milliona golaý, şol sanda Hazaryň gündogar ýakasy boýunça 3,5 million guşa çenli hem-de Amyderýa jülgesi boýunça guşlaryň 2,5 millionyna deň boldy. Şunda Hazaryň ýakasy boýunça uçup geçýän guşlaryň bir böleginiň (500-600 müň) “Altyn asyr” kölüniň üstünden geçýändigini bellemek gerek.

Türkmenistanyň tebigy baýlyklary döwlet tebigaty goramak maksatnamalaryny üstünlikli durmuşa geçirmegiň we durnukly ykdysady ösüşiň esasyny düzýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geljek üçin öňde goýan wezipeleri ekologiýa ulgamynyň ähli düzümlerini, şol sanda seýrek duş gelýän az sanly we ýitip barýan görnüşleri aýawly saklamakdan we artdyrmakdan, şeýle hem eziz Watanymyzyň tebigatyny has-da baýlaşdyrmakdan, ony geljekki nesiller üçin gorap saklamakdan ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi