28 Maý 2017, 17:30



Daşary ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdeplerinde okamaga dalaşgärler saýlanylýar

12.05.2017

Halkara ynnsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde hünärmenleri maksatlaýyn taýýarlamak maksatnamasyna gatnaşmaga dalaşgärlerden resminamalar kabul edilip başlandy. Döwlet tarapyndan talyp haklary tölenjek talyplara dünýäniň iň gowy uniwersitetlerinde okamaga hukuk berler. Türkmen ýaşlaryna himiýaçy-inžener, programmaçy – inžener, gurluşyk, ulag ulgamyny dolandyryş, logistika, kompýuter tehnologiýalary, azyk senagaty himiýasy, lukmançylyk, farmasewtika tehnologiýasy, bank işi we maliýe, ykdysadyýet we menejment, halkara hukugy, söwda menejmenti, halkara telekeçiligi-menejmenti we ş.m. kyrk hünärden öz halanyny saýlamaga mümkinçilik berilýär.

Bellenilen şertlere görä, synaglar üç tapgyrdan ybaratdyr. Birinji tapgyrda dalaşgär okajak ýokary okuw mekdebini we geljekki hünärini saýlaýar, oňa TOEFL, IELTS, SAT we ş.m. halkara ulgamy boýunça synag tabşyranlygy barada şahadatnama görkezilýär. Daşary ýurt ýokary okuw mekdebi daşary ýurt dillerini we hünär sapaklary bilşine baha berip, synagyň ikinji tapgyryna gatnaşmaga mümkinçilik berýän kepilhat berýär. Halkara ynnsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde geçirilýän synaglaryň ikinji tapgyrynda umumy bilim derslerinden synag tabşyrmaly. Ony ütünlikli tabşyranlar döwlet talyp hakyna dalaşgär bolýar.

Jemleýji tapgyrda daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde okajaklar geljekki hünärine ussat hünärmenleriň okuwyn töleýän okuwy tamamlap işlemeli ýeri bolan ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň wekilleri bilen duşuşyp söhbeteşlikden geçmeli.


Halkara ynnsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde maý aýynyň ahyryna çenli dalaşgärlerden resminamalar kabul ediler, iýun aýynyň 5-den 21-ne çenli bolsa synaglar geçiriler we bäsleşik arkaly dalaşgärler saýlanylar.

Magtymguly adyndaky TDU-da Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga dalaşgärleriň giriş synaglary geçiriler.Döwletara ylalaşyklarynyň çäklerinde şu ýyl Belarusyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim almak isleýänleriň 36-syna metrologiýa, senagat elektronikasy, horeografiýa, kompýuter ulgamlarynyň programmalaýyn üpjünçiligi, elektroenergetika we elektrotehnika, balyk hojalygy, awtobomil ulaglary we olaryň hyzmaty hem-de beýlekiler ýaly 26 ugur boýunça bilim almak teklip edilýär.

Rumyniýanyň ýokary okuw mekdeplerinde umumy bejeriş işi, radioaragatnaşygy, nebit-gaz ulgamy, oba hojalygy, logistika, informatka, himiýa inženeriýasy, mugallymçylyk we gaýry 17 ugur boýunça 25 adam okuwa alnar.


Sinhaý welaýatynda ýerleşýän Hytaýyň ýokary okuw mekdepleri myhmanhana biznesi, inžener-himiýaçylar, jemgyýetçilik iýmitiniň tehnologiýasy, hytaý dili mugallymlary ýaly ugurlardan hünärmenleri taýýarlar.

Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamaga dalaşgärlerden resminamalar kabul etmeklik 21-nji maýda tamamlanar, 26-29-njy maý aralygynda giriş synaglary geçiriler.

Wiktoriýa NOWIKOWA,
surata düşüren Hasan MAGADOW