24 Maý 2017, 20:49



34-nji Balkan matematika olimpiadasynda türkmenistanly okuwçylar bürünç medallaryň bäşisini eýelediler

11.05.2017

Makedoniýanyň Ohrid şäherinde geçirilen aň-paýhas bäsleşigine dünýä ýurtlarynyň ýigrimisine golaýyndan, ýol sanda Albaniýadan, Beýik Britaniýadan, Bolgariýadan, Bosniýa we Gersegowinadan, Çernogoriýadan, Gresiýadan, Italiýadan, Katardan, Kiprden, Saud Arabystanyndan, Rumyniýadan, Moldowadan, Azerbaýjandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan ýüzden gowrak okuwçy gatnaşdy.

Türkmenistanyň ýygyndy toparynda Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 57-nji mekdebinden we Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan okuwçylar bardy, bu mekdebiň matematika mugallymy Arslan Hojyýew „ylymlar melikesini“ halaýan ýaşlaryň halypasydy. Olimpiada gatnaşanlar dört ýarym sagadyň dowamynda aşa çylşyrymly meseleleri çözdiler. Biziň ýurduyzdan Aýratyn zehinli çagalaryň döwlet mekdep-internatyndan Akmyrat Tirkeşow bilen Jepbar Asgarow, şeýle hem Aşgabadyň ýörüteleşdirilen 57-nji mekdebindenAgamyrat Begenjow, Rahman Agamyradow we Resul Mämiýew dagy baýrakly orunlary eýelediler. Oglanlaryň üçüsi ozalam halkara olimpiadalaryna gatnaşypdylar. Resul Mämiýew bilen Rahman Agamyradowyň hersiniň üç medaly bolsa, Jepbar Asgarow eýýäm dördünji gezek üstünlik gazanýar.

Däbe görä olimpiada gatnaşanlar Ohridiň taryhy-medeni we tebigat gözelliklerine syýahat etdiler.

Oglanlar Makedoniýadan gaýdyp gelensoň olaryň okaýan mekdeplerinde ýaş zehinleriň nobatdaky üstünligine bagyşlanan dabaralar boldy.

Wiktoriýa NOWIKOWA