Türkmen wekilýeti CADAP maksatnamasynyň sebit okuwyna gatnaşdy

Yssykkölde Merkezi Aziýada neşe serişdeleriniň ýaýramagynyň öňüni almak boýunça Maksatnamanyň çäklerinde öňüni alyş çärelerine bagyşlanan sebit okuwy geçirildi. DuşuşYga žurnaistler we Merkezi Aziýa döwletleriniň –Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň metbugat gulluklarynyň wekilleri gatnaşdylar. Türkmen wekilýetiniň hatarynda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Ýaşlar guramasynyň habarlar gulluklarynyň işgärleri, «Нейтральный Туркменистан» gazetiniň habarçysy we CADAP maksatnamasynyň milli utgaşdyryjysy bardy.

Ýewropa Bileleşiginiň wekilleri Ýanuş Seroslawskiý we Dawid Krawçik ýygnanlary hünärmenleriň dürli toparlaryna we jemgyýetçilik köpçüligine niýetlenen maglumatlary ýaýratmagyň möhüm strategiýasy bilen tanyşdyrdylar. Okuw neşä garaşlylyga garşy durmak meselelerinde özara peýdaly tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.

Türkmenistanda, ozaly bilen, ýaşlaryň arasynda öňüni alyş çäreleri köpugurly işiň möhüm bölegidir, oňa hukuk goraýjy edaralar bilen birlikde saglygy goraýyş, bilim ulgamy, jemgyýetçilik guramalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle hem hormatly ýaşulylar çekilýär.


Degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn edaralaryň metbugat gulluklary olaryň maglumat goldawyny ýetirýärler. Maksatlaýyn dürli toparlar üçin kitapçalar, ýatlamlar, soşial mahabatlar, wideoşekilleri çykarylýar, tele we radio gepleşikler taýýarlanylýar, köpçülikleýin neşir habar beriş serişdeleri giňden ulanylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesini we neşekeşligiň, şeýle hem saglyga zyýanly beýleki ýaramaz endikleriň öňüni almak maksady bilen jemgyýetçilik guramalary, ozaly bilen ýaşlara niýetlenen dürli düşündiriş we medeni-köpçülikleýin çäreleri yzygiderli geçirýärler.

Türkmenistan sebitde we dünýäde neşekeşligiň ýaýramagynyň öňüni almaga gönükdirilen esasy halkara konwensiýalaryna goşuldy we gyzyklanma bildirýän halkara guramalary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Ýewropa Bileleşiginiň we Germaniýanyň Ykdysady ösüş federal ministrliginiň maliýeleşdirýän hem-de Halkara hyzmatdaşlygy boýunça german jemgyýetiniň arada durmagynda ÝeB-niň agzalary bolan ýurtlaryň Konsorsiumy tarapyndan durmuşa geçirilýän CADAP Maksatnamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň neşelere garşy göreşinde bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmaga ýardam edýär.


Maksatnama 2001-nji ýylda işläp başlady, 2015-nji ýylda onuň altynjy tapgyry başlandy. Onuň esasy maksady-Merkezi Aziýa ýurtlarynyň neşeleriň ýaýramagyna garşy göreşindäki mümkinçiligini berkitmekdir. CADAP-6 neşelere garşy göreş boýunça milli strategiýany ösdürmek, ýagdaýy seljermek we milli gözegçilik merkezini döretmek, neşäniň öňüni almak we neşä garaşlylary bejermek ýaly dört ugry öz içine alýar.

CADAP maksatnamasynyň wezipeleri bu ulgamda Türkmenistanda durmuşa geçirilýän hereketleriň strategiýasyna we milli meýilnamalaryna hem-de döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolan raýatlaryň abadançylygy hakdaky alada, beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbilelemäge gönäkdirilen tagallalara laýyk gelýär.