24 Maý 2017, 20:48



Russiýaly meşhur artistler aşgabatly tomaşaçylara Dario Fonuň sahna eseri boýunça „Apollona durmuşa çykjak“ atly oýny görkezdiler

12.05.2017

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli Alp Arslan adyndaky Milli ýaşlar teatrynda Nobel baýragynyň eýesi, italýan dramaturgy Dario Fonuň pýesasynyň äheňinde Alekseý Kirýuşşenkonyň sahnalaşdyran „Apollana durmuşa çykjak“ atly gülküli oýny görkezildi.


Türkmen sahnasynda tanymal russiýaly artistleri, şeýle hem ady özüne çekýän şeýle oýny görmäge höweseklerden ýaňa zalda ýer ýkdy. Jenaýat we söýgi pirimli, gülküli oýun belli teatr we kino artistleriniň ýerine ýetirmeginde sahna sungatynyň muşdaklaryna ajaýyp sowgat boldy.


Hilegärlikli gülküli oýunda aldawçy Antonio bilen onuň meslekdeşi taksiçi Apollonyň Milanyň muzeýindäki Merkuriniň heýkeliniň aýagyny kesip, ony telekeçi Atillonyň gurluşygyna taýlaýşy, soňra özlerine arheolog diýip, gurluşygy ýapjak bolup haýýarlyk edişleri, telekeçiden lomaýja pul alyp gaçyp gidişleri barada gürrüň berilýär. Şu ýerde oýny tamamlasa-da bolardy, ýöne Dario Fo ony başgaça çözýär, arakesmeden soň telekeçiniň owadan aýalynyň gatnaşmagynda gyzykly oýun dowam edýär. Onuň kellesine Apollona durmuşa çykmak pikiri gelýär....


Tomaşaçylar russiýaly tanymal artistler Waleriý Garkaliniň, Ýaroslaw Boýkonyň, Pawel Belozerowyň, Irina Laçinanyň, Aleksandr Wasýutinskiniň oýnuna dowamly el çarpdylar.

Tamara GLAZUNOWA,
surata düşüren Ýuriý ŞKURIN