24 Maý 2017, 20:47



Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy

13.05.2017

Daşary ýurt puluna Türkiýeden we Yrakdan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Beýik Britaniýadan gelen işewürler Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndürilen dizel ýangyjyna, eýranly işewürler toparynyň wekilleri bolsa tehniki kükürde (“Türkmenhimiýa” DK) isleg bildirdiler. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna Russiýadan we BAE-den, Türkiýeden gelen telekeçiler boýalan flanel matasyny we nah ýüplügi satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 12 million dollaryndan gowrak boldy.

Manat serişdelerine RF-dan, BAE-den, Türkiýeden we Pakistandan gelen işewürler jemi bahasy 3 million 267 müň manatdan gowrak sarja goýnunyň ýüňüni, nah ýüplügi we galyndylary, mata galyndylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy 65 müň manatlyk ýük awtoulagyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi