24 Maý 2017, 20:48



Тürkmen tennisçileri IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda toparlaýyn ýaryşlarda bürünç medala eýe boldular

14.05.2017

Azerbaýjanyň paýtagtynda IV Yslam raýdaşlyk oýunlary dowam edýär. Sportuň görnüşleriniň köpüsi boýunça jemleýji bäsleşikler ýakynlaşýar. Olaryň käbirinde eýýäm netijeler jemlendi. Mysal üçin, tennis boýunça toparlaýyn ýaryşlarda Türkmenistanyň ýygyndy zenanlar topary bürünç medala mynasyp boldy.

Bu görnüşde ýeňijiler we baýrakly oýunlaryň eýeleri türgenleriň şahsy bäsleşikleriniň ikisinde we jübütleýin bäsleşikleriň birinde çykyşlaryň jemleri boýunça kesgitlenýär. Arzyly sylag ugrunda biziň toparymyzyň gyzlary Jahan Baýramowa, Anastasiýa Prenko we Güljahan Muhammetgulyýewa Bakuwyň tennis akademiýasynyň meýdançalarynda ýer eýelerini—Azerbaýjanyň toparyny, şeýle hem Pakistanyň ýygyndy toparyny ýeňdiler. Sylaglamak dabarasy 15-nji maýda geçiriler.


Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi, Milli tennis federasiýasynyň başlygy Serdar Bäşimowyň pikirine görä, bu üstünlik tötänden gazanylmady. Ýarym ýyla golaý wagtyň dowamynda biziň türgenlerimiz bilen Fransiýadan meşhur halypalaryň ikisi meşgullanýar. Ýygyndy topary Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlamak olaryň esasy wezipesi bolup durýar. IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda gazanylan bürünç medallar bilelikdäki işiň ilkinji miweleridir.

Daşary ýurtly tälimçileriň baý iş tejribesi bar. Halypalaryň biri – Sebastýan Matýonyň tanymal şägirtleriniň arasynda dünýäniň güýçli tennisçileriniň onlugyna girýän ukrainaly türgen Eline Swetolna bar.

Erkekleriň toparlaýyn ýaryşlarynda türkmenistanlylar çärýek finala baryp ýetdiler. Indi biziň tennisçilerimiz, şol sanda türgen gyzlarymyz şahsy we jübütleýin çykyşlarda medallar ugrunda bäsleşerler.

... Türkmen boksçylary Yslam oýunlarynda ýaryşlara oňat başladylar, 60 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edýän Horsan Imamkulyýew eýýäm hormat münberinde özüne orny üpjün etdi. Ol Iordaniýadan Mohammad Abu Jajehi ýeňmegi başardy, bu bolsa azyndan bürünç medal bolar (kikboksingde iki sany üçünji orun göz öňünde tutulandyr).


Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň ýene-de bir wekili, halkara derejeli sport ussady, 2010-njy ýylda Singapurda geçirilen birinji Ýetginjekler olimpiýa oýunlarynyň bürünç medalynyň eýesi, 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Olimpiada gatnaşan Nursähet Pazzyýew (75 kilograma çenli) çekeleşikli tutlyşykda gyrgyzystanly Azamat Kanybek Uuly medal ugrundaky bäsleşikden çykaryp, özüne çärýek finalda orun üpjün etdi. Ýeňijileriň toparyna çykmak ugrunda ol 16-njy maýda Marokkodan gelen Ýuness Garroumi bilen bäsleşer. .

Türkmenistanyň boks boýunça erkekler ýygyndy topary geçmişde tanymal türgeniň -- 2000-nji ýylda Sidneý şäherinde (Awstraliýa) geçirilen Olimpiadanyň altyn medalyny gazanan, häzir bolsa Russiýanyň at gazanan tälimçisi Aleksandr Lebzýagyň ýolbaşçylygynda türgenleşýär. Biziň boksçylarymyzyň Yslam oýunlarynda gazanan ilkinji üstünligi—bu belli bir derejede daşary ýurtly hünärmeniň we biziň türgenlerimiziň döredijilikli arkalaşygynyň netijesi bolup durýar.


TDH-nyň habarçysy bilen söhbetdeşlikde russiýaly tälimçi onuň häzirki şägirtleriniň ýaryşlary üstünlikli dowam edýändigini guwanç bilen belledi. Muňa garamazdan, türgenlere ünsüni bir ýere jemlemek gerek bolup durýar. Hut şonuň üçin hem galan aýgytlaýjy tutluşyklarda şu ýagdaýa üns berler.
A.Lebzýak biziň türgenlerimizi 2020-nji ýylda Tokioda (Ýaponiýa) geçiriljek Olimpiada taýýarlamak üçin Aşgabada çagyryldy. Aleksandr Borisowiç höwesjeň boksçylaryň halkara assosiasiýasynyň (AIBA) ugry boýunça 2015-nji ýylyň iň gowy tälimçisi diýlip ykrar edildi. Ol ozal Russiýanyň ýygyndy toparyna, şeýle hem Goşunyň merkezi sport klubyna ýolbaşçylyk etdi.

Tälimçilik işi döwründe (2001-nji ýyldan bäri) A.Lebzýak iki gezek olimpiýa çempiony Alekseý Tişşenko; 2008-nji ýylda Pekinde geçirilen tomusky Oýunlaryň ýeňijisi Rahim Çahkiýew; iki gezek dünýä çempiony we dünýä Kubogynyň eýesi Matweý Korobow; dört ýyllygyň esasy sport wakalarynyň baýrakly orunlarynyň eýeleri Sofýa Oçigawa hem-de Anastasiýa Belýakowa ýaly zehinli boksçylary ösdürip ýetişdirdi.

... Agyr atletika boýunça ýaryşlarda 48 kilograma çenli agram derejesinde dördünji orny eýelän Ýulduz Jumabaýewa hem üstünlikli çykyş edýär. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi hem-de zenanlaryň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Ahmed Saryýewiň şägirdi iki görnüşde 163 kilogram (71 kg—çekip galdyrmak we 92 kg--itip galdyrmak) agramlygy galdyrmagy başardy. Onuň görkezijisi bürünç baýraga eýe bolan Türkiýeden Gamze Karakolyň gazanan netijesinden (164 kg) az boldy.


Türkmen ştangaçylarynyň ýene-de biri—Bägül Berdiýewa agram götermegiň iki görnüşinde 152 kg (65 kg --çekip galdyrmak we 85 kg--itip galdyrmak) agramlygy galdyryp, 53 kilograma çenli agram derejesinde güýç synanyşýan ökde türgenleriň 7-siniň hataryna girdi.

...67 kilograma çenli agram derejesinde karate-do boýunça bäsleşiklerde birinji bäşligiň hataryna giren Diýar Hojaýewiň gazanan üstünligi barada hem aýtmak gerek. Ol 2015-nji ýylyň güýzünde Tolýatti şäherinde geçirilen fudokan-karate boýunça Russiýanyň Kubogy ugrunda açyk ýaryşda “Iň çalt gazanylan ýeňiş” diýen ugur boýunça rekord gazandy. D.Hojaýew tutluşygyň 7-nji çekundynda ýeňiş gazanmagy başardy.

Yslam oýunlarynda çykyşlardan soň, D.Hojaýew, şeýle hem Z.Jumabaýewa Lodz şäherinde (Polşa) 31-nji maý-4-nji iýun aralygynda geçiriljek adaty karate boýunça IX düný Kubogyna taýýarlyk görerler. Iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu ýaryşlar her yklymdan erkekleriň we zenanlaryň toparlarynda güýçli türgenleriň birini (ýaryşlaryň eýesi iki türgeni çykarýar) ýygnaýar. Şeýlelikde, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Hangeldi Hojaýewiň ady agzalan şägirtleri dünýäniň Aziýa böleginde sportuň bu görnüşinde ussat türgenler bolup durýarlar.

Türkmen türgenleri şunuň ýaly wekilçilikli ýaryşlara eýýäm ikinji gezek gatnaşýarlar.


... Biziň woleýbolçylar toparymyz Palestinanyň ýygyndy toparyndan 3:0 hasabynda tehniki ýeňiş gazanyp, “A” toparynda üçünji orny eýeleýär. Bu toparda birinji orny eýeleýän Azerbaýjanyň komandasy (6 utuk) öňde barýar, Türkiýäniň topary 5 utuk bilen ikinji orunda we Pakistanyň topary 0 netije bilen ýaryş sanawyny jemleýär. Bu ýerde toparda ilkinji iki orun ugrunda bäsleşik gidýär, çünki diňe şol orunlar baýraklar ugrunda göreşmäge mümkinçilik berýär.

Türkmenistanlylar ýene-de iki duşuşyk geçirmeli. Olar 17-nji maýda “Crystal Hal” meýdançasynda Oýunlaryň eýesi—Azerbaýjanyň ýygyndy topary, 19-njy maýda bolsa Pakistanyň topary bilen bäsleşerler.

Öňde gyzykly wakalaryň ýene-de ençemesi bar. Sport meýdançasyna entek biziň basketbolçylarymyz, ýeňil atletikaçylarymyz we uşuçylarymyz hem çykmaly.

IV Yslam raýdaşlyk oýunlary dowam edýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi