«Olimp» orta sport mekdebiniň okuwçylary halkara ýaryşlarynda üstünlik gazandylar

Türkiýäniň Stambul şäherinde erkin göreş boýunça ýetginjekleriň arasynda 13-nji halkara ýaryşy geçirildi. Oňa dünýäniň 6 ýurdundan 70 türgen gatnaşdy. Ýaryşyň jemleri boýunça “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary-- B.Paşşyýew (46 kilogram agram derejesinde), M.Muhammedow (58 kilogram), Z. Saparow (100 kilogram) altyn medallara, H.Ibragimow (63 kilogram), Aşgabat şäherinden A.Küläýew (42 kilogram agram derejesinde), Lebap welaýatynyň wekili D.Meýmankulyýew (69 kilogram) kümüş medallara, şeýle hem “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçylary G.Çaryýew (54 kilogram), D.Jumalakow (54 kilogram) bürünç medallara mynasyp boldular.

***

Çirçik şäherinde (Özbegistan Respublikasy) geçirilen dzýudo göreşi boýunça ýetginjekleriň arasynda Aziýa Kubogy ugrunda ýaryşlar tamamlandy. Ol dünýäniň 10 ýurdundan 300-e golaý türgeni ýygnady. “Olimp” orta sport mekdebiniň okuwçysy A.Bäşimow 81 kilogram agram derejesinde çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldy, Ý.Ismaýylow bolsa 50 kilogram agram derejesinde çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldy.