28 Maý 2017, 17:31



Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň duşuşygy

15.05.2017

Paýtagtymyzda Hazarýaka döwletleriň ygtyýarly wekilleriniň nobatdaky mejlisi öz işine başlady. Oňa Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Russiýanyň, Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň ýolbaşçylary, esasy hünärmenleri gatnaşýarlar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Hazar deňzi meseleleri boýunça döwlet kärhanasy tarapyndan guralan duşuşygyň gün tertibiniň esasy meselesi Hazarýaka döwletleriň ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy hakynda Ylalaşygyň taslamasyny ylalaşmak bolup durýar. Bu resminama 2014-nji ýylda Astrahanda (Russiýa Federasiýasy) geçirilen Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň duşuşygynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýan eden başlangyçlaryna laýyklykda türkmen tarapyndan işlenip taýýarlanyldy.

Maslahatyň barşynda ulag ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge we giňeltmäge, Ýewraziýanyň ulag kommunikasiýalar ulgamynda sebitiň ornunyň ýokarlanmagyna Hazarýaka ýurtlaryň aýratyn gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Hazar deňziniň “Gündogar — Günbatar” we “Demirgazyk — Günorta” yklym ugurlarynyň çatrygynda amatly ýerleşmegi bilen şertlendirilen ägirt uly üstaşyr mümkinçilikleri strategik taýdan möhüm ulgamda goňşy döwletleriň tagallalaryny birleşdirmegini, ýolagçylary we ýükleri deňiz, awtomobil, demir ýol we howa, şeýle hem netijeli logistika arkaly gatnatmak babatda hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegiň zerurdygyny şertlendirýär.

Halkara ähmiýetli döwrebap düzümi hem-de täze ulag-üstaşyr geçelgeleri döretmäge, milli ulag operatorlarynyň gatnaşmagynda durnukly logistik halkalary döretmäge, ulag hyzmatlaryny artdyrmaga gönükdirilen iri taslamalaryň amala aşyrylmagy sebit we sebitara söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam eder. Sebite maýa goýumlaryny çekmek, syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek, onuň täze ugurlaryny, şol sanda Hazar deňzi boýunça ýolagçy syýahatçylygyny guramak üçin täze mümkinçilikler açylýar. Umuman, bularyň hemmesi Hazar sebitiniň ýurtlarynyň ykdysady taýdan ösmegine, olaryň halklarynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna hyzmat eder.

Mälim bolşy ýaly, maý aýynyň başynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda Ulag we logistika boýunça halkara maslahat geçirildi. Oňa Ýewropanyň, Aziýanyň we Amerikanyň onlarça ýurtlaryndan ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işgärleri, bilermenler, maýadarlar, halkara guramalaryň, bank düzümleriniň, ulag, logistika we ekspeditorçylyk kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň işiniň barşynda Ýewraziýa giňişliginde üstaşyr-ulag hyzmatdaşlygyny, şol sanda Orta Aziýa, Hazar we Gara deňizleri sebitlerini baglanyşdyrýan ulag ýollaryny ösdürmegiň mümkinçiliklerini diwersifikasiýalaşdyrmak bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriň orny” diýen Kararnamanyň möhümdigi bellenildi. Bu resminama laýyklykda, geçen ýyl Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahat geçirildi.

Mejlise gatnaşyjylar geçirilen gepleşikleriň jemlerini jemläp, Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygyna taýýarlyk görmegiň çäklerinde bilermenleriň Hazar deňzinde hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça uly işleri geçirendigini bellediler. Täze Ylalaşygyň taslamasy boýunça garaýyşlary ylalaşmak işleri hem tamamlanyp barýar. Bu resminama gol çekilmegi, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ulag ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ähli mümkinçiliklere eýe bolan sebitiň ýurtlarynyň arasynda däbe öwrülen gatnaşyklary giňeltmäge hyzmat eder.

Ertir sebit derejesindäki maslahat öz işini dowam eder.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi