24 Maý 2017, 20:49



Aşgabatda Aziada — 2017 nyşanly awtobuslar gatnawa çykdylar

15.05.2017

Aziada — 2017-niň nyşanlary bilen bezelen, Koreýa Respublikasynda öndürilen “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslaryň 30-sy Aşgabat şäheri boýunça gatnawlara çykdy. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň nyşany, tumary hem-de şekili ýerleşdirilen häzirki zaman jemgyýetçilik ulagy paýtagtymyzyň 8, 9, 34, 37 we 42-nji gatnaw ugurlary boýunça hereket eder.

Bu taslama hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Oýunlary giňden wagyz etmek, olary uly baýramçylyk wakasy hökmünde mahabatlandyrmak boýunça beren tabşyryklaryna laýyklykda durmuşa geçirildi. Bu uly sport baýramçylygyna ak mermerli paýtagtymyz, ähli türkmenistanlylar hem-de halkara sport jemgyýetçiligi gyzyklanma bilen garaşýar.

Aziadanyň nyşanlaryny — ahalteke bedewiniň şekili, aýdyň öwüşginli tumar hem-de Wepaly atly alabaýyň suraty bilen bezelen awtobuslar ýolagçylarda baýramçylyk ruhubelentligini döreder hem-de şäheriň köçelerine özboluşly öwüşgin çaýar.

“Hyundai” kompaniýasynyň “Aero City” atly uly gabaraly şäher awtobusy ýurdumyzyň şäher we şäherara gatnawlarynda giňden ýaýrandyr. Soňky ýyllarda Awtomobil ulaglary ministrligi tarapyndan jemgyýetçilik ýolagçy ulag ulgamy üçin şeýle awtobuslaryň birnäçe ýüzüsi satyn alyndy. Ulanylýan awtobuslaryň sanynyň artdyrylmagy gatnawlaryň gerimini giňeltmäge hem-de olaryň gatnaw wagt aralygyny gysgaltmaga mümkinçilik berdi.

Giň hem amatly “Hyundai Aero City” kysymly awtobuslarda oturylýan ýerler 23+1 mukdarynda we aýak üstünde durulýan orunlaryň sany 47-dir. Ýolagçylaryň awtobusa münmegi hem-de düşmegi üçin amatly bolar ýaly, awtobusyň öň tarapynda hem-de orta böleginde gapylary bardyr. Awtobusda ähli zerur zatlar: amatly howa şertini saklaýan kondisioner, erkin howa akymyny üpjün edýän enjam, ruly güýçlendiriji, manitola, güýçli sesli aragatnaşyk, içki yşyklandyryş, elektron sagat göz öňünde tutulandyr. “Aero City” awtobuslarynda oturdylan dizel hereketlendirijileri ygtybarlylygy bilen tapawutlanýar.

Awtobusy öndürijiler ýolagçylaryň howpsuzlygyna uly üns beripdirler — fotoenjam we gözegçilik ulgamy awtobusyň aşaky basgançagynda päsgelçilikleriň döremeginiň öňüni alýar.

“Hyundai Aero City” awtobuslarynyň ähli nusgalary dünýä ekologiýa talaplaryna laýyk gelýär, olaryň ýygnalyşy we ýolagçylar üçin döredilen amatlyklar Ýewropa hil ülňüsine laýyk gelýär. Paýtagtymyzyň awtomobil ulag düzüminiň işgärleri we ýolagçylar bu awtobuslaryň ulanylyş häsiýetlerine we amatlylyklaryna mynasyp baha berdiler.

Döwrüň talabyna laýyk gelýän köpugurly ulag düzüminiň döredilmegi Türkmenistanyň okgunly ösüşiniň möhüm şerti hökmünde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz jemgyýetçilik ulagynyň sazlaşykly işlemeginiň üpjün edilmegine, pudagyň maddy-tehniki binýadynyň pugtalandyrylmagyna hem-de döwrebaplaşdyrylmagyna, ýolagçylara edilýän hyzmatlaryň hil derejesiniň ýokarlandyrylmagyna aýratyn üns berýär.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi