Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynyň guramaçylykly geçirilendigi üçin hoşallyk bildirdi

Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň hormatly agzasy Doktor Tamash Aýanyň gutlag hatynda şeýle diýilýär: Agyr atletika boýunça 2017-nji ýylyň Aziýa çempionatynyň ajaýyp guralandygy hem-de Aşgabat şäherinde görkezilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin. Men Türkmenistanyň paýtagtynyň gözelligine hem-de Aşgabat şäheriniň Olimpiýa toplumynyň ajaýyplygyna diýseň guwandym.

Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hem üstünlikli sport çäresine öwrüljekdigine ynanýaryn. Agyr atletikaçy türgenleriň ýakyn wagtda Agyr atletika boýunça halkara federasiýanyň çärelerine gatnaşmak üçin ýene-de Aşgabada hem-de Olimpiýa toplumyna barjakdygyna umyt edýärin.