28 Maý 2017, 17:30



Halkara şaşka federasiýasynyň prezidenti Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Aziýa çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlady

15.05.2017

Halkara şaşka federasiýanyň prezidenti W.O.Langiniň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen tuglagynda şeýle diýilýär: Halkara şaşka federasiýasynyň (IDF) adyndan we öz adymdan Sizi Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň Daşkentde geçirilen Şaşka-64 boýunça Aziýa çempionatynyň 2017-nji ýylyň dünýä çempionatyna saýlama ýaryşlarynda üstünlikli çykyş etmegi bilen gutlaýaryn.

Siziň şaşkaçy türgenleriňiz çempionatlarda medallary yzygiderli gazanýarlar hem-de ady agzalan çempionatda gazanan ýokary sport netijeleri üçin 2017-nji ýylyň awgust-sentýabrynda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Bolgariýada geçiriljek dünýä çempionatyna hem-de 2017-nji ýylyň oktýabrynda Sankt-Peterburgda (Russiýa) erkekleriň we zenanlaryň arasynda geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşmak hukugyna eýe boldular. Bu çempionata dünýäniň 50-ä golaý ýurdundan wekiller gatnaşarlar.

Türkmenistanyň şaşka mekdebi uly abraýa eýe bolup, öz türgenleriniň dürli çempionatlarynda we bäsleşiklerde üsiünlikli çykyşlary bilen tanalýar.

Siziň ýurduňyzda ussat oýunçylar, hyjuwly tälimçiler hem-de sportuň şu intellektual görnüşini ilatyň arasynda ösdürmek barada örän uly isleg bar.

Netijeli hyzmatdaşlyga umyt edýärin hem-de Siziň ýurduňyzyň türgenlerini biziň ähli çärelerine gatnaşmaga çagyrýaryn.