28 Maý 2017, 17:31



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna gutlag haty gelip gowuşdy

15.05.2017

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly BERDIMUHAMEDOWA

Hormatly jenap Prezident!


Size we ähli türkmen halkyna Wengriýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Şanly sene bilen baglylykda, bilelikdäki tagallalar netijesinde geçen çärýek asyryň iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň giňelmegi bilen häsiýetlenendigini kanagatlanmak bilen bellemek isleýärin, şeýle hem Wengriýanyň şol gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegi maksat edinýändigini tassyklamak isleýärin. Biziň dostlukly gatnaşyklarymyzyň iki halkyň bähbidine täze ugurlar boýunça giňelmek üçin uly mümkinçiliklere eýe bolup durýandygyna ynanýaryn.

Size berk jan saglyk we Siziň jogapkärli işiňizde täze üstünlikler arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ader ÝANOŞ,
Wengriýanyň Prezidenti.