24 Maý 2017, 20:49



Bakuwda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça v Aziýa oýunlary bilen tanyşdyrylyş geçirildi

15.05.2017

"Marriot" myhmanhanasynda geçirilen çäräni Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Ilçihanasy ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde gurnady.

Bu ýerde Aziada — 2017-ä bagyşlanan sergi guraldy. Onda döwürleýin neşirler we bukletler, toplumlaýyn ýaryşlaryň nyşanlary şekillendirilen dokma önümleri, şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary görkezildi.

Aziada — 2017-ä taýýarlyk görmegiň çäklerinde amala aşyrylýan hem-de milli Liderimiziň gös-göni ýolbaşçylygynda geçirilýän sport çärelerini, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda sporty we bedenterbiýäni giňden ösdürmäge, Türkmenistanyň halkara sport çärelerine goşulmagyna gönükdirilen işlerini diwarlyklarda görkezilen köp sanly žurnallar we metbugat neşirleri beýan edýärler.

Dabarada Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky ilçihanasynyň wekili çykyş edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görlüşi hakynda gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagynyň wagyz edilmegine uly üns berilýär. Aýdyň mysallarda Aziada — 2017-niň “Sagdynlyk. Ruhubelentlik. Dostluk” diýen şygarynyň çuňňur manysy açylyp görkezildi. Dostluk we ynsanperwerlik ýörelgelerini berkarar etmek, parahatçylygyň ilçisi bolup hyzmat edýän sporty wagyz etmek jemgyýeti we döwleti sazlaşykly ösdürmegiň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Türkmenistanlylaryň beden we ruhy taýdan sagdyn neslini terbiýelemek boýunça maksatnamalaýyn wezipeler uzak möhletleýin esasda milli ösüşiň strategiýasynda mynasyp orun eýeleýär. Sport ulgamynda netijeli halkara hyzmatdaşlyk döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan syýasatynyň möhüm taraplarynyň biri bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sporty ösdürmäge ägirt uly üns bermegi netijesinde häzir Türkmenistanda bu hereketiň tarapdarlary artýar, ol jemgyýetde uly ähmiýete eýe bolýar. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna 500 günüň galmagy mynasybetli badalga berlen atly ýörişiň guralmagy ajaýyp pikir bolup durýar.

Umuman, Türkmenistana — Merkezi Aziýada ilkinji ýurda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlaryny geçirmek hukugy berlen wagtdan bäri örän uly işler, şol sanda hukuk nukdaýnazaryndan uly işler geçirildi. Mysal üçin, “Bedenterbiýe we sport hakynda”, “Hünär sporty hakynda” hem-de “Meýletinçilik hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary kabul edildi.

Aşgabatda halkara sport media-forumlarynyň birnäçesi geçirildi, olar Türkmenistanda bolup geçýän giň gerimli özgertmeleri dünýä ýüzüne giňden ýaýmak üçin meýdança bolup hyzmat etdi.

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň wekili öz çykyşynda türkmen türgenleriniň ýylsaýyn artýan mümkinçilikleri barada belledi. Kikboksing, agyr atletika boýunça ýakynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçirilen Aziýa çempionatlary, şeýle hem suwda ýüzmek boýunça sebitleýin ýaryş muňa mysal getirildi. Şol ýaryşlarda watandaşlarymyz 96 medal (30 altyn, 32 kümüş we 34 bürünç) gazandylar. Kikboksing boýunça bäsleşiklerde bolsa biziň ildeşlerimiz umumy toparlaýyn çykyşlarda birinji orny eýelediler.

Dabarada Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Aşgabadyň köp sanly binagärlik desgalary, ägirt uly aerowokzal toplumynyň gurluşygy, ýurdumyzyň sport düzümi we beýlekiler barada hem gürrüň berildi.

Şeýle hem türkmen wekiliýetiniň geljekki Aziýa oýunlarynyň geçiriljek ýeri bolan Jakarta (Indoneziýa) baryp görendigi habar berildi. Türkmenistanyň wekiliýeti Aziada — 2018-iň maksatnamasyna türkmen milli göreşini girizmek meselesini şol ýaryşlaryň guramaçylary bilen ara alyp maslahatlaşdy we bu teklip makullanyldy.

Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi