Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyş edendikleri bilen gutlady

Kikboksing boýunça Aziýa konfederasiýasynyň prezidenti Nasser Nassiriniň hatynda şeýle diýilýär: Sizi hem-de Türkmenistanyň tutuş halkyny Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherjiginde geçirilen kikboksing boýunça Aziýa çempionatynda türkmen türgenleriniň üstünlikli çykyşlary we umumytoparlaýyn medal bäsleşiklerinde türkmen toparynyň gazanan ýeňşi bilen gutlamaga rugsat ediň.

Şeýle hem çempionaty geçirmek boýunça taýýarlygyň ýokary derejesi hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Türkmen paýtagtynyň ajaýyp keşbiniň biziň hemmämizde ýatdan çykmajak täsirleri galdyrandygyny bellemek isleýärin. Myhmanlaryň ählisi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň güýzünde geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň taýýarlyk derejesine ýokary baha berdiler. Ugurdaş desgalaryň hatarynda deňi-taýy bolmadyk Aşgabadyň Olimpiýa toplumy birbada sportuň birnäçe görnüşleri boýunça halkara çempionatlaryny ýokary derejede geçirmäge mümkinçilik berýär. Şu ýylyň aprel aýynda bu ýerde kikboksing boýunça Aziýa çempionaty, agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty we ýakyn aralykda suwda ýüzmek boýunça Merkezi Aziýa turniri ýaly birbada iri ýaryşlaryň üçüsiniň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr diýlip hatda aýdylýar.

Jenap N.Nassiri Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň Aziýa oýunlarynyň taryhynda uly ähmiýete eýe boljakdygyna hem-de ýatdan çykmajak täsir galdyrjakdygyna ynam bildirdi.