24 Maý 2017, 20:48



Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Kararlara gol çekdi

16.05.2017

Türkmenistanyň Prezidenti, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХX maslahatynyň Rejep Bazarowy Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidentiniň orunbasary wezipesine saýlamak hakyndaky 2017-nji ýylyň 16-njy maýynda kabul eden karary tassyklanyldy.

***

Türkmenistan bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministriniň başlyklygynda Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.